Sepleriň elýeterliligi

BMG yslamçy partiýanyň gadagan edilmeginden aladaly


BMG-niň bosgunlar agentligi Täjigistanyň “Yslam gaýtadan döreýiş partiýasynyň” gadagan edilmeginden soň adam hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly ýagdaýyň has ýaramazlaşmagynyň töwekgelçiliginden howatyrlanma bildirdi.

Agentligiň 2-nji oktýabrda ýaýradan beýannamasynda sentýabryň başyndan bäri partiýanyň ondan gowrak agzasynyň tussag edilmegini belledi.

29-njy sentýabrda Täjigistanyň Baş sudy “Yslam gaýtadan döreýiş partiýasyny” “ekstremist we terrorist” diýip yglan etdi we oňa gadagançylyk girizdi.

Partiýanyň 13 sany baş ýolbaşçysy sentýabryň başynda tussag edilipdi. Resmiler olary ýurduň goranmak ministriniň öňki orunbasary Abduhalim Nazarzodanyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan heläkçilikli gozgalaňa gatnaşykda güman edýärler.

“Yslam gaýtadan döreýiş partiýasynyň” Merkezi Aziýada kanun taýdan hasaba alnan ýeke-täk yslamçy syýasy partiýa bolupdy. Partiýa Täjigistanda 1997-nji ýylda gelnen parahatçylyk ylalaşygyna gatnaşypdy.

XS
SM
MD
LG