Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýe, koalisiýa Orsýete çagyryş etdi


Siriýaly oglan öýüne çörek alyp barýar. 2-nji oktýabr, 2015 ý.

Siriýaly oglan öýüne çörek alyp barýar. 2-nji oktýabr, 2015 ý.

Türkiýe bilen onuň "Yslam döwleti" atly radikal jeňçilere garşy Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa gatnaşýan ýaranlary Orsýeti Siriýada alyp barýan howa zarbarlarynda ýurduň oppozision güýçlerini nyşana almagy bes edip, urgularyny "Yslam döwleti" we "Al-Kaýda" bilen baglanyşykly jeňçilere gönükdirmäge çagyrdylar.

Bu çagyryş Türkiýe bilen bilelikde Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa we Arap aýlag ýaranlary tarapyndan 2-nji oktýabrda çykarylan beýannamada edildi.

Beýannamada bu ýurtlar Moskwanyň Siriýada indi iki gün bäri alyp barýan bombalamak kampaniýasy barada "çuň aladalaryny" bildirýärler. Olar muny bu iş konfliktiň "has möwjemegine" getirip, ekstremizm oduny öňküdenem beter tutaşdyrmak howpy bilen delillendirýärler.

3-4 aý

Orsýet geçen aý Siriýadaky harby güýçlerini we harby enjamlaryny köpeltmäge başlaly bäri öz maksadynyň terrorizmi ýeňip geçmekdigini gaýtalaýar. Ýöne onuň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen hyzmatdaşlyk barada erjellik görkezmegi, şeýle hem howa zarbalarynda, görnüşi ýaly, Orsýet tarapyndan "Yslam döwleti" toparynyň pozisiýalarynyň däl-de, Assada garşy söweşijileriň nyşana alynmagy Orsýetiň esasy maksady Assady häkimiýet başynda saklamak diýen aladalary güýçlendirdi.

Orsýetiň Döwlet dumasynyň daşary işler baradaky komissiýasynyň başlygy Alekseý Puşkow Kremliň howa zarbalary kampaniýasy 3-4 aýa çeker diýen pikirden ugur alýandygyny aýtdy.

Puşkow 2-nji oktýabrda fransuz radiosyna beren interwýsynda Orsýetiň bombaly zarbalary güýçlendiriler diýdi.

Orsýetiň goranmak ministriniň aýtmagyna görä, Moskwanyň howa zarbalary geçen 24 sagadyň içinde Siriýada "Yslam döwleti" toparyna degişli 12 ýere zyýan ýetiripdir ýa-da bu ýerleri dargadypdyr.

Siriýa oppozisiýasyna garşy...

Pariž bilen Waşington 1-nji oktýabrda biri-birinden aýry beýanatlarda Orsýetiň, öz aýdyşy ýaly, diňe "Yslam döwleti" toparyny nyşana alýandygyna şübhe bildirdiler.

Fransiýanyň prezidenti Francois Holland howa zarbalary beýleki toparlara däl, diňe "Yslam döwleti" toparynyň jeňçilerine garşy gönükdirilmeli diýdi.

Holland 2-nji oktýabrda Ukraina meselesi boýunça ors prezidenti Wladimir Putin bilen Parižde duşuşar.

Amerikada bolsa Ak tam Orsýetiň Siriýadaky howa zarbalaryny "hiç bir tapawut goýmazdan, Siriýa oppozisiýasyna garşy [gönükdirilýän] harby operasiýalar" diýip atlandyrdy.

Muňa sebäp bolan, aýdylyşyna görä, Orsýetiň 1-nji oktýabrda, ýagny howa zarbalarynyň ikinji güni Amerikanyň Merkezi aňtaw gullugy tarapyndan türgenleşdirilen gozgalaňçylaryň lagerine zarba uranlygy.

Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň goşun resmileri Siriýada geçirilýän howa kampaniýalarynda özlerine degişli harbylaryň biri-birinden aýry saklanmagy barada 1-nji oktýabrda wideokonferensiýasy arkaly ençeme sagatlap pikir alyşdylar.

“Bu teklip gowuşsa...”

Bu aralykda Yragyň premýer-ministri Haýdar Al-Abadi, eger Moskwa muny teklip etse, Orsýetiň Yrakda howa zarbalaryny urmagyny özüniň oňat garşylajakdygyny aýtdy. Ýöne Moskwa tarapdan edilen beýle bir teklip ýok.

Abadi "France 24" telekanalyna beren we 1-nji oktýabrda köpçülige ýetirilen interwýusynda "bu teklip gowuşsa, biz ol barada oýlanyp göreris. Aslynda ony oňat garşylarys" diýdi.

Abadi şeýle hem özüniň ors prezidenti Wladimir Putin bilen habarlaşyp durýandygyny aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň howa zarbalaryny Yragy hem öz içine alar ýaly edip giňeltme planynyň ýokdugyny, ýöne Yrak çagyrsa, bu işi etjekdigini bildirdi.

Birleşen Ştatlar bilen onuň ýaranlary dört ýyllyk graždanlyk urşunda 250 müňden gowrak adamy öldürip, bärsinden on million adamy öý-owzaryndan aýran Başar al-Assadyň häkimiýet başyndan aýrylmagy gepleşikler arkaly durmuşa geçiriljek parahatçylygyň bir bölegi bolmaly diýýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG