Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat Ekologiýa merkezini teklip edýär


Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili A.Ataýewa BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär. Nýu-Ýork, 2-nji oktýabr, 2015 ý.

Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili A.Ataýewa BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär. Nýu-Ýork, 2-nji oktýabr, 2015 ý.

Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa 2-nji oktýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda Merkezi Aziýada klimat özgermesi boýunça ýöriteleşdirilen merkeziň döredilmegi baradaky teklip bilen çykyş etdi.

“Meniň pikirimçe, Merkezi Aziýa sebitindäki uly ekologiýa problemalaryny bilmeýän ýok diýerlik. Olar göni ýa-da gytaklaýyn tutuş sebitiň atmosferasyna, şol sanda ol ýerdäki adamlaryň ýaşaýyş, durmuş derejesine, käte bolsa döwletleriň arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsir ýetirýär» diýip, Ataýewa BMG-niň ýyllyk çekişmesiniň dowamynda aýtdy.

Şeýle-de ol BMG-niň mandaty astynda dörediljek merkeziň sebitde bolup geçýän ekologiýa hadysalaryna obýektiw analiz berip, şol analiz esasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň hökümetlerine degişli rekomendasiýalary hödürläp biljekdigini sözüne goşdy.

Ol Türkmenistanyň şeýle merkeziň döredilmegi we onuň işgärleriniň iň amatly ýagdaýlarda işläp bilmegi üçin öz territoriýasynda ähli şertleri döretmäge taýýardygyny aýtdy.

Owganystan we sebit

Türkmenistanyň BMG-däki wekili sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek meselesinde goňşy Owganystanyň gatnaşygynyň wajyplygyna, bu ýurda şu günki gün syýasy, ahlak we hakyky duýarlykly ykdysady ýardam berilmeginiň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyna hem ünsi çekdi.

«Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmagyň diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly, owgan halkyna wekilçilik edýän ähli jogapkär we konstruktiw güýçleriň gatnaşmagynda guralan giň, umumymilli dialog esasynda amala aşyrylyp biljegini wagt görkezdi» diýip, Ataýewa sözüni dowam etdirdi.

Ol Owganystandaky ýaraşyk prosesiniň netijeli, halkara ykdysady ýardamy, anyk sosial infrastrukturanyň döredilmegi, ynsanperwer kömegi bilen utgaşdyrylmalydygyny belledi.

Energiýa howpsuzlygy

Aksoltan Ataýewanyň pikirine görä, Owganystandaky durnuklylygyň we abadançylygyň möhüm faktorlarynyň biri hem bu ýurduň regional, halkara energiýa we transport proýektlerine birikdirilmegi bilen bagly.

Şu nukdaý nazardan, TOPH gaz geçiriji proýekti, Türkmenistandan Owganystana çekilmekçi bolýan demir ýol Owganystandaky ykdysady ösüşi üpjün etmegi, ol ýerde köp sanly iş ýerini döretmegi, daşardan maýa çekilmegi üçin amatly şertleriň emele gelmegini niýet edinýär.

Bu halkara proýektleriň inisiatory we gatnaşyjysy bolmak bilen bir hatarda, Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäginde hem Owganystana ykdysady we sosial maksatly desgalary gurmak, ýeňillikli bahadan elektrik energiýasyny ibermek, öz okuw jaýlarynda owgan kadrlaryny taýýarlamak işine kömek bermegini dowam etdirer diýip, Aksoltan Ataýewa sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle-de türkmen wekili sebitde abadançylygy üpjün etmegiň möhüm faktorlarynyň biri hökmünde, dünýä bazarlaryna çykýan sebitara we kontinentara energiýa, transport koridorlarynyň döredilmegi meselesini ýatlatdy.

Ol Türkmenistanyň bu ugurdaky inisiatiwalarynyň BMG-niň Baş Assambleýasynda degişli rezolýusiýalaryň kabul edilmegi bilen biragyzdan goldaw tapandygyny aýdyp, olaryň durmuşa geçirilmegi üçin yzygiderli we netijeli ýardama bil baglaýandyklaryny sözüne goşdy.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň özüş meselelerine bagyşlanan duşuşygynda çykyş edip, BMG-niň Baş Assambleýasynda 28-nji sentýabra planlaşdyrylan çykyşyny etmän, ýurduna dolanypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG