Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gunduzda 9 adam öldürildi


Weýran bolan hassahana.
Weýran bolan hassahana.

«Serhetsiz lukmanlar» topary Owganystanyň Gunduz şäherindäki hassahanasyna öten agşam urlan howa zarbasyndan soň, hassahanasynyň bölekleýin weýran bolandygyny, 9 işgäriniň ölendigini, 37 işgäriniň ýaralanandygyny, bir toparynyň bolsa tapylmaýandygyny aýtdy.

«Biz bu hüjüme, onuň öz işgärlerimizi we näsaglarymyzy öldürmegine, bu ýagdaýyň Gunduzdaky saglygy saklaýyşa bir zarba bolmagyna aňk bolduk» diýip, «Serhetsiz lukmanlar» topary 3-nji oktýabrda aýtdy.

Toparyň aýtmagyna görä, hassahana «talyban» bilen NATO goldawyndaky owgan goşunlarynyň arasynda şäher üstünde barýan söweş mahalynda «howa hüjümine» uçrapdyr.

NATO özüniň jogapkär bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy. "ABŞ güýçleri Gunduza ýerli wagt bilen daňdan sagat 2.15-de, harbylara wehim salýan şahslaryň garşysyna howa zarbasyny urdy.

Bu zarbanyň golaýdaky saglygy saklaýyş desgasyna gytaklaýyn zyýan ýetiren bolmagy mümkin. Bu hadysa derňelýär» diýip, NATO aýtdy. «Talybanyň» howa güýçleri ýok.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň sözçüsi zarba urlan mahaly hassahanada 10-15 çemesi «terrorçynyň» gizlenendigini aýtdy.

«Terrorçylaryň hemmesi öldürildi, emma biz doktorlary hem ýitirdik» diýip, ol metbugat ýygnagynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG