Sepleriň elýeterliligi

«Talyban» ganhorlykda aýyplanýar


«Talyban» güýçleri Owganystanyň strategiki şäheri Gunduzy üç gün ele geçirenlerinde, 300 müň ilatly şäherde adam zorlamakda, ganhorlykda we beýleki jenaýatlarda aýyplanýar.

«Amnesty International” guramasy we owgan hökümeti, Gunduzdaky şaýatlar «Talyban» söweşijileriniň sudsuz-soragsyz adam öldürmek, adam gynamak, asuda adamlara azar bermek bilen meşgul bolandyklaryny aýdýarlar.

Halkara günä geçiş guramasy, şaýatlara we aktiwistlere salgylanyp ýaýradan beýanatynda «Talybanyň» 28-nji sentýabr daňdany Gunduza hüjüm edip, ony ele geçirmegini «terroryň hökmürowanlygy» diýip häsiýetlendirdi.

Hukuk topary «Talyban» agzalarynyň ýerli polisiýa bilen işleýän polisiýa komandirleriniň we esgerleriň aýal garyndaşlaryny, şol sanda çagalary zorlandyklaryny aýdýar.

XS
SM
MD
LG