Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan teňňäniň göterim tölegini galdyrdy


Gazagystanyň Merkezi banky 2-nji oktýabrda özüniň esasy göterim töleglerini 12 prosent bolanlygyndan 16 prosente galdyrdy.

Bu çäre ýurduň nebite garaşly pul birligi bolan teňňäniň hümmetini ýokarlandyrmak üçin görülýär.

Milli bankyň beýanatynda aýdylmagyna görä, bu karar «ykdysady maglumatlara we ösüş prospektlerine esaslanýar» we «inflýasiýany 6-8 prosent aralygyndaky orta derejede saklamak maksadyndan» ugur alýar.

Gazagystanyň hökümeti nebitiň global bahasynyň aşak gaçmagy bilen baglylykda öz pulunyň durnuklylygyny saklamak üçin 1 milliard dollardan gowrak serişde harçlady.

XS
SM
MD
LG