Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan täze parlament saýlaýar


Gyrgyzystan, saýlaw plakatlarynyň öňünden geçip barýan gyzlar.

Gyrgyzystan, saýlaw plakatlarynyň öňünden geçip barýan gyzlar.

Gyrgyzystanda ýurduň 5.8 million ilatynyň ýarysyna golaýynyň gatnaşmagynda 4-nji oktýabrda geçjek milli saýlawlaryň öň ýanynda resmi kampaniýa togtadyldy.

«Çigildem rewolýusiýasy» diýilýän halk gozgalaňy netijesinde sowet döwründen bäri häkimiýet başynda oturan prezidenti iş başyndan çetleşdireli bäri geçen wagt içinde bu ýurduň sosial-syýasy şertleri döwürleýin sarsgynlary başdan geçirdi.

Emma bu ýurt demokratiýa, metbugat azatlygyna hem berk ýapyşdy we awtoritar we dinastiýa hökümetleriniň agdyklyk edýän sebitinde umytly nokatlaryň biri bolup galýar.

«Kyşlak owazynyň» blogçysy Brýus Panniýer soňky iki hepdäni Gyrgyzystanda syýahatçylykda geçirip, bu saýlawlaryň öň ýanyndaky ýagdaýlary öwrendi we saýlaw gününi paýtagt Bişkekde garşylamagy karar etdi.

Ol bize hepde ahyrynda geçjek saýlawlaryň esasy özenini düzýän meselelere nazar salmaga kömek berdi:

Näme ugrunda göreşilýär?

Parlament saýlawlaryna gatnaşýan 14 syýasy partiýa Ýokary geňeşdäki 120 ornuň ählisi ugrunda özara bäsleşige girýär. Gyrgyzystanyň parlament respublikasy bolmagy we parlamentiň bir palatadan ybarat bolmagy bu saýlawlaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Meniň syýahat döwründe gürrüňdeş bolan adamlaryň pikirleri, kampaniýa döwründäki partiýa şygarlary – plakatlar, baýdaklar, maşynlara ýelmenen ýazgylar esasynda netije çykarylsa, men Gyrgyzystanyň Sosial demokratik partiýasy has gowy üstünlik gazanmasa, geň görerin. Sebäbi adamlarda, prezident bolansoň, gyrgyz kanunçylygy esasynda bu partiýadan çekilen hem bolsa, Sosial demokratik partiýany prezident Almazbek Atambaýew bilen baglanyşdyrmak ädehedi bar. Ata-Meken, Respublika Ata-Jurt, Bir Bol, Gyrgyzytan partiýasy, Bütin Gyrgyzystan Emgek (Zähmet), Ar-Namys partiýalary hem parlamentde birnäçe orun alar öýdülýär.

Gyrgyzystanda bu saýlawlara 2.5 million adam gatnaşmaly, olaryň 500 müňden 800 müň çenli aralykdaky bölegi ýurduň daşynda işleýän adamlardan ybarat.

Özem ýurduň bu gezekki saýlawlarynda, bir adamyň gaýta-gaýta ses bermeginiň we beýleki galplyklaryň öňüni almak üçin, ilkinji gezek biometrik maglumatlar ulanylar.

Biz demokratik saýlawlara garaşyp bileris, dogry dälmi?

Saýlawçylaryň informasiýa elýeterliligi, saýlawa gatnaşmak mümkinçiligi, syýasy partiýalaryň we kandidatlaryň öz ideýalaryny saýlawçylara ýetirip bilmegi nukdaý nazardan seredeniňde, bu proses demokratik bolup görünýär.

Emma biz saýlawlaryň saýlaw gününde nähili geçirilýändigini görmeli, täze biometrik sistemanyň sesleriň açyk-aýdyň, galplyk aýyplamalaryna ýol bermezden sanalyşyny görkezişine syn etmeli.

Ozalky saýlawlarda käbir partiýalar käbir saýlaw uçastoklarynda ses sanalanda galplyga ýol berlendigini öňe sürdiler. Bu ýagdaý goh-galmagala getirdi: käte protestler, şol sanda zorlukly demonstrasiýalar guraldy we olar hepdeläp, aýlaw dowam edip, şäher meýdanlarynda ak öýleriň dikilmegine, uly ýollaryň baglanmagyna çenli alyp geldi. Iň erbedi, 2005-nji ýylyň parlament saýlawlarynda ile meşhur oppozisiýa şahslarynyň saýlawdan çykarylmagy, sesleriň galplaşdyrylandygy baradaky güman rewolýusiýa we şol prezident Askar Akaýewiň agdarylmagyna uly goşant goşdy.

ÝHHG-nyň Demokratiki institutlar we adam hukuklary edarasynyň gözegçileri 2010-njy ýylda geçirilen soňky parlament saýlawlaryna «demokratiki prosesleriň mundan beýläk hem pugtalanmagy» hökmünde baha berdiler we olar bu aýdaky saýlawa hem syn edýärler.

Saýlaw kampaniýasynda esasy öňe çykarylýan meseleler näme?

Meniň söhbetdeş bolan adamlaryň köpüsi esasan ykdysady meselelerden söz açdy. Bu ýerde iş bilen üpjünçilik barada alada edilýär, bu ýagdaý gyrgyz migrant işçileriniň esasy temasy bolup durýar. Adamlaryň köpüsi gyrgyz raýatlarynyň ýurtdan çykyp, başga ýerlerde oňaýly iş tapmagynyň aňsat däldigini aýdýarlar.

Adamlaryň ýene bir köp agzan meselesi bolsa, durmuşyň birden, aşa gymmatlamagy bilen bagly. Bu ýagdaý esasan Gyrgyzystanyň daşyndaky faktorlar – rus rublynyň, gazak teňňesiniň, hytaý ýuanynyň hümmetiniň gaçmagy bilen bagly. Bu üç ýurt Gyrgyzystanyň esasy söwda hyzmatdaşlary bolup durýar

Ýene bir mesele bolsa, Gyrgyzystanyň ýaşuly syýasatçylaryň syýasat meýdanynda aşa köp saklanmagy we indi ýaşrak nesliň hökümete girmegine wagt ýetmegi bilen bagly.

Biz Gyrgyzystanyň «demirgazyk-günorta bölünişigi» hakyda kän eşidýäris. Bu näme we ol saýlawlara nähili täsir ýetirýär?

Bu çylşyrymly sorag. Bu ýurt Týan-Şan daglary bilen bölünen. Umuman, demirgazyk Gyrgyzystan senagat taýdan has ösen, günorta Gyrgyzystan esasan oba hojalygyna daýanýar. Günorta region has gür ilatly we umuman dine, yslama köp ýykgyn edýär.

Meniň gözegçiligimiň netijelerine görä, günorta sebitiň adamlary gelýän saýlawlara has umytly garaýarlar we olaryň täze hökümetden garaşýan zatlary hem köpräk bolup görünýär.

Demirgazykdaky adamlar, meniň saýlaw kampaniýasynyň barşyna ýakyndan eden gözegçiligimden görnüşine görä, bu saýlawlara beýle bir ilgezik görünmeýär. Olar syýasy partiýalardan garaşýan zatlary barada has jikme-jik düşündirişleri berýärler, şol bir wagtda-da olar täze hökümetiň öz durmuşlaryny gowulyga tarap üýtgetmek üçin edip biljek zatlaryna beýle bir optimist garamaýarlar.

Demirgazyk-günorta bölünişigi, Gyrgyzystan garaşsyz bolaly bäri, çatak bir meselä aýlandy, emma ol prezident Kurmanbek Bakiýew 2010-njy ýylyň aprelinde häikimiýetden agdarylanda has görnetin ýüze çykdy. Bakiýew günorta, öz dogduk sebitine gaçdy we, özüni agdaranlaryň «demirgazyklydygyna” salgylanyp, şol ýerden goldaw almaga çalyşdy.

Orsýet hakynda näme aýdarsyňyz? Moskwa ýakyndan synlaýarmy?

Gürrüňsiz. Orsýetiň saýlaw netijelerinden gorkusy az, sebäbi partiýalaryň ählisi oňa esasy hyzmatdaş hökmünde seredýär. Bu ýerde häzir islendik täze hökümetiň Orsýet bilen gatnaşyklary kemeltjek bolmagy manysyz bir zat, sebäbi adamlaryň köpüsi Gyrgyzystanyň Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Ýewrasiýa Ykdysady bileleşiginde orun almagyna öz ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň gowulanmak mümkinçiligi hökmünde garaýar.

Mundan başga, yslam ekstremizmi bilen baglylykda, käbir howpsuzlyk aladalary hem bar. Eger Gyrgyzystan hakykatdanam şeýle howp bilen ýüzbe-ýüz bolsa, köp adam bu ýerde ýuurduň esasy ýarany Orsýet bolar diýip pikir edýär.

Bu saýlawlar regiona nähili täsir eder?

Eger-de Gyrgyzystan azat we adalatly saýlawlary geçirmekde rowaçlyk gazansa, eger ilat saýlaw netijelerini kabul etse, eger-de hökümet özüniň saýlaw kampaniýasy mahalynda beren käbir möhüm wadalaryny ýerine ýetirmek üçin işleýändigini görkezip bilse, bu saýlawlar bir görelde mysal bolup hyzmat eder.

Ozal hem şeýle wadalaryň berlendigine garamazdan, saýlawda bäsleşýän partiýalaryň aglabasy korrupsiýa garşy göreşmegi wada berdi. Käbir partiýalar, korrupsiýa garşy göreşiň çäginde, çykdajylary azaltmak üçin, býurokratlaryň sanyny azaltmaga wada berdi. Ykdysadyýeti ösdürmek, iş ýerleriniň bolçulygyny döretmek bolsa esasy wadalardan boldy.

Emma partiýalar we kandidatlar bu berlen wadalaryň nähili durmuşa geçiriljegi barada suwytly bir zat aýdyp bilmediler.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG