Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda parlament saýlanýar


Bişkekde saýlaw mahaly

Bişkekde saýlaw mahaly

Gyrgyzystanda saýlawçylar 4-nji oktýabrda täze parlament saýlamak üçin ses bermäge çykdylar.

14 partiýa we 2 müňden gowrak kandidat milli parlamentdäki orunlar üçin bäsleşýär. Deputatlar ýapyk partiýa sanawlaryndan, bäş ýyllyk möhlet bilen seçilmeli.

Saýlawçylara biometrik kartlar paýlandy, bu hili usul Merkezi Aziýada birinji gezek ulanylýar. Merkezi Saýlaw komissiýasy ýerli wagt bilen sagat 12-de saýlawlara gatnaşygyň 20 prosent bolandygyny aýtdy.

Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyna mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda ýüzlerçe studentiň saýlaw galplaşdyrmasyna gatnaşdyrylýandygy barada habarlar gelip gowuşdy.

XS
SM
MD
LG