Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran: Hajda ölenler getirilýär


Saud Arabystanynda haj zyýaratynda bolan basa-baslykda ýogalan eýranlylaryň jesetleri ýüklenen ilkinji uçar, betbagtçylykdan 9 gün soňra Tährana geldi.

Bu waka ozalam aralary gowy bolmadyk regional bäsdeşleriň arasyny has-da sowatdy. Prezident Hassan Rohani we beýleki uly resmiler 3-nji oktýabrda, 104 adamyň jesedini getiren uçary garşy almak üçin aeroporta geldiler.

Döwlet telewideniýesi ýene bir uçaryň şol gün giçlik gelmelidigini aýtdy. Saud resmileri zyýarat mahalynda, Mekgäniň golaýynda bolan basa-baslykda 769 adamyň ölendigini aýdýarlar.

Eýran bu betbagtçylykda 464 adam ýitirdi. Eýran saud resmilerini «iş başarmazlykda» günäledi.

XS
SM
MD
LG