Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda 24 adam öldürildi


Bagdatda, janyndan geçen bombaçylar 3-nji oktýabrda barlag nokadyndan geçjek bolanda, esasy şaýy mähelleleriniň birinde azyndan 24 adam öldi.

Kadimiýa mähellesinde, Adan skwerindäki barlag nokadynda bolan hüjümde, ölenlerden başga, azyndan 61 adam ýaralandy.

Bagdatdaky operasiýalar komandasynyň sözçüsi Saad Maan howpsuzlyk güýçleriniň janyndan geçen üç bombaçynyň birini tüpeňlän mahaly beýleki ikisiniň özüni partladandygyny aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini YD topary öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG