Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: hüjümçi özüni öldürdi


Amerikan kolležiniň klasynda öz student ýoldaşlaryny oka tutup, 9 adamy öldüren 26 ýaşyndaky ýaragly adam polisiýa bilen atyşykdan soň özüni öldürdi.

Derňewçiler başda onuň Oregonyň Rozeburg şäherinde polisiýa ofiserleri tarapyndan öldürilendigini aýdypdylar.

Emma Daglas okrugynyň şerifi Jon Hanlin 3-nji oktýabrda guralan metbugat ýygnagynda döwlet medisina barlagy Kristofer Harper-Merseriň öz janyna kast edendigini görkezdi diýdi.

Häkimiýetler biraz öň Harper-Merseriň ok geçirmeýän jaket geýip, mekdebe ýany bilen azyndan alty ýarag, bäş sany ok magazinini getirendigini aýdypdylar.

XS
SM
MD
LG