Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Paýtagt Kişinýowda 4-nji oktýabrda moldowan hökümetine garşy guralan proteste azyndan 10 müň adam gatnaşdy.

Olar tapgyr dördünji gün Kişinýowyň esasy meýdançasyna ýygnandylar. Protestçileriň käbiri, parlament binasyna girjek bolup, polisiýa bilen tutluşdy.

Köpçülikleýin protestler 6-njy sentýabrdan bäri dowam edýär. Köçä çykan müňlerçe protestçi günbatarçy hökümet koalisiýasynyň korrupsiýa garşy göreşmegi we hakyky reformalary geçirmegi başarmandygyny aýdýarlar.

Olar ýolbaşçylaryň işden çekilmegini we täze saýlaw geçirilmegini talap edýärler.

XS
SM
MD
LG