Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan parlament saýlaýar


Bişkek. Saýlawçylar ses berýär.

Bişkek. Saýlawçylar ses berýär.

Gyrgyzystan parlament saýlawlaryny geçirýär, synçylar bu ses berişligiň berjek netijelerini öňünden kesgitlemegiň örän kyndygyny aýdýarlar. Eýýämden tehniki problemalar bilen bagly hadysalar, galplyk aýyplamalary bilen ýagdaýlar ýüze çykdy.

Merkezi Aziýa ýurdunyň çar künjegindäki saýlaw uçastoklary 4-nji oktýabrda ýerli wagt bilen ir sagat 8.00-da açyldy. Saýlawlarda 14 partiýa, 200-den gowrak kandidat Ýokary geňeş diýip bilinýän parlamentiň 120 orny üçin bäsleşýär.
Merkezi Saýlaw komissiýasy ýerli wagt bilen öýlän sagat 4-de saýlawa gatnaşygyň 38 prosent bolandygyny aýtdy.

Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy saýlaw uçastoklarynyň käbiriniň daşynda uzyn nobatlaryň dörändigini, adamlaryň ses bermezden öň iki, üç sagatlap garaşmaly bolandyklaryny habar berdi.

Ses berişlik ýerli wagt bilen agşam sagat 8-de tamamlanýar.

Ýurtdaky iň agramly partiýalar – Gyrgyzystanyň Sosial Demokratik partiýasy; Ata-Meken partiýasy; Respublika Ata-Jurt partiýasy; Bir Bol; Gyrgyzystan partiýasy; Gyrgyzystanyň Birleşen zähmet partiýasy; Ar-Namys partiýasy -- Azattyk; Aalam; Zamandaş; Gyrgyz halkynyň kongresi ýaly täze döredilen partiýalara garşy göreşýärler.

Deputatlar bäş ýyllyk möhlet bilen ýapyk sanawlardan seçilmeli.

2.7 milliona golaý saýlawçy hasaba alyndy, ýagny olara biometrik kartlar berildi. Bu usul Merkezi Aziýada ilkinji gezek ulanylýar.

Premýer-ministriň orunbasary Taýirbek Sarpaşew 4-nji oktýabrda saýlawçylaryň 3-5 prosentiniň biometrik ses beriş sistemasynda ses bermekde tehniki problema bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýtdy.

Merkezi Saýlaw komissiýasy internetdäki sanaw sistemasynyň işlemändigini aýtdy. MSK biraz öň ýurduň 2374 saýlaw uçastogynyň 52-sinde awtomatiki ses beriş gapyrjagynyň işlemändigini habar berdi.

Içeri işler ministrligi käbir partiýalaryň sesleri satyn almaga synanyşyk edendigi barada şikaýatlaryň bolandygyny aýtdy we häkimiýetleriň bu hili arzalary derňejegini sözüne goşdy.

Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy ýüzlerçe studentiň, öz uniwersitet mugallymlarynyň ýol görkezmeginde, saýlaw galplygyna gatnaşdyrylýandygy barada habar alandygyny aýtdy. Käbir ýerlerde saýlawçylar saýlaw uçastoklaryna çaklaň awtobuslarda getirildi.

Demokratiýa we raýat jemgyýeti koalisiýasy ýurt boýunça 500 çemesi saýlaw uçastogynda saýlawlaryň gidişine gözegçilik edýär.

Bu guramanyň lideri Dinara Oşurahunowa Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyna öz guramalarynyň «örän çynlakaý düzgün bozmalar» barada maglumatlary alandygyny gürrüň berdi.

Ol Narynda bir saýlaw uçastogynda býulletenlerde resmi möhüriň bolmandygyny aýtdy. Jalalabatda bolsa bir ýaş aýal studentlere degişli bir topar dokument bilen tutuldy.

Prezident Almazbek Atambaýew ses berip, žurnalistleriň öňünde çykyş edende saýlawçylary Gyrgyzystanyň 2010-njy ýylda awtoritar lideri gyrakladan rewolýusiýasyndan bäri geçirýän üçünji demokratik saýlawynda «durnuklylygy saýlamaga» çagyrdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG