Sepleriň elýeterliligi

Assad: Ýaranlar terrora garşy birikdi


Siriýanyň prezidenti Başa al-Assad Siriýa, Orsýet, Eýran we Yrak terrorizme garşy söweşde birleşdi diýdi.

Eýranyň telewideniýesi 4-nji oktýabrda Assadyň sözlerini sitirläp, bu dört ýurt «praktiki netijeleri» gazanar diýdi.

“Orsýetiň, Siriýanyň, Yragyň we Eýranyň arasyndaky ýaranlyk hökman rowaçlyk getirmeli ýa-da tutuş region weýran ediler» diýip, ol duýdurdy.

Orsýet 30-njy sentýabrda Siriýada pitneçi pozisiýalaryna garşy howa kampaniýasyna başlaly bäri Assad ilkinji gezek şeýle sözleri aýdýar.

Stambulda, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Orsýetiň howa kampaniýasyny «düýpli ýalňyşlyk» diýip häsiýetlendirdi.

«Orsýetiň görýän çäreleri we Siriýada bombalaýyş kampaniýasyna başlamagy kabul ederlik däl» diýip, Erdogan aýtdy.

Bu zarbalar Orsýeti regionda «izolýasiýa salar» diýip, ol öz çaklamasyny orta atdy.

XS
SM
MD
LG