Sepleriň elýeterliligi

Heläkçilik hem jemgyýet


Aşgabat ýertitremesinde pida bolanlaryň hatyrasyna gurlan "Ruhy tagzym" atly ýadygärlik.

Aşgabat ýertitremesinde pida bolanlaryň hatyrasyna gurlan "Ruhy tagzym" atly ýadygärlik.

Aşgabat ýertitremesiniň nobatdaky ýyl dönümi ýetip geldi. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabr gijesi, 1 sagat 12 minutda örän güýçli ýertitreme bolupdy. Bu tebigy hadysa dünýäniň ençeme ylmy merkezlerinde hasaba alnypdyr. Ol XX asyrdaky agyr heläkçilikli hadysa hökmünde taryha girdi.

Garaýyşlar

Heläkçilikden bäri 67 ýyl geçdi. Geçen döwür içinde, ol hadysa garaýyşlar dürli-dürli boldy. Owal başda 40 ýyldan gowrak, hamana, unudyldy. Ylmy merkezler bolaýmasa, jemgyýetçilik ony ýatlap durmady. Kem-kemden ýertitremeden galan yzlary aýyrýardylar. Töwerek-daşy, hamana, şeýle waka bolmadyk ýaly özgerdýärdiler. Garaşsyzlyk ýyllary başlanyp, S. Nyýazowyň şahsyýeti ýokary göterilip başlanyndan, ol heläkçilige aýratyn üns berdiler. Oňa dünýäniň ägirt uly ýitgisi hökmünde garaldy, örän gymmat bahaly ýadygärlik döredildi. Şol heläkçilikde wepat bolanlaryň sanyny 150 müň adama ýetirdiler. Heläkçiligiň bolan gününi tutuş ýurt boýunça Matam gününe öwürdiler. Indi bolsa ol ýene unudylmak bilen.

Bolup geçen waka şeýle çemeleşmegiň hiç biriniň dogry däldigini taryhy zerurlyk mälim edýär.

Tebigat hem ynsan

Häzirki wagtda Aşgabat ýertitremesinden adamlaryň aňynda galan ýowuz ýatlama bolaýmasa, başga bir alamaty tapmak kyn. Şu döwre çenli ýertitremäniň ähli yzlary ýok edildi, hatda şol heläkçilikden soňky gurlan jaýlar hem düýpden aýryldy. Indi köp ýerde şol jaýlaryň duran köçeleri-de ýok.

1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýertitremäniň netijesinde ýumrulan jaýlar.

1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýertitremäniň netijesinde ýumrulan jaýlar.

Heläkçiligiň yzyny ýok edip boljak eken. Ýöne heläkçiligiň özüni ýok etmek adamlara başardarmy diýen sowal döreýär. Her bir tebigy hadysa adamlara sapak almak, tebigatyň häsiýetlerinden ugur alyp ýaşamak üçin, duýduryş hökmünde gelýär diýen düşünje bar.

Hakykaty doly beýan edýän edebiýatlar bolsa, ensiklopediki maglumatlary özünde jemleýän ylmy çeşmeler elýeterde dursa, adamlar ondan sapak alýar. Muny bize dünýä tejribesinde Ýaponiýanyň halky öwredip gelýär. Bizde, megerem, iň gyt zat maglumat almak bolsa gerek.

Merkez

Ol heläkçilik «Aşgabat ýertitremesi» ady bilen taryha girdi. Onuň merkezi, ýagny episentri şäheriň 25 km günorta-gündogarynda, Gäwers obasynyň ilersindäki baýyrlykda diýip, Türkmen ensiklopediýasy maglumat berýär. “Episentriň raýonynda ýer gabygynyň uly jaýryklary emele geldi we dag massalarynyň uly opurylyşlary boldy. Ýertitreme netijesinde guýulardaky suwuň derejesi 2 m ýokary galdy. (…) Ýertitremäniň ojagynyň 10–15 km çuňlukda bolanlygy kesgitlendi. 9 bally zonadaky iň güýçli ýertitreme 600–800 km2 meýdany öz içine aldy. Käbir jaýlary (10-dan az) hasaba almanyňda, Aşgabat ş-i we onuň golaýyndaky obalar doly weýran boldy” diýip, Türkmen ensiklopediýasy ýazýar.

1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýertitremäniň netijesinde ýumrulan jaýlar.

1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýertitremäniň netijesinde ýumrulan jaýlar.

Aşgabat ýertitremesiniň gözli şaýady, Ýer we Atmosfera fizikasy boýunça belli alym Muhammet Şirmämmedow “Durmuş ýoly” atly ýatlamalar kitabynda ýer yranma başlanmazdan öň dym-dyrslyk bolandygyny ýatlaýar. «Ine-de, bir uly güýç meni bütin jaý bilen çalarak galdyran ýaly etdi-de, silterläp başlady… gapylaryň sepleşýän ýeri içine-daşyna bat berip, açylmaga garşylyk görkezýän ýaly güýçli şakyrdaýardy, iki bölek gapy özüne täsir edýän güýje döz gelip döwlenokdam, açylanokdam. (…) Misli bir güýçli alamat otagymyzy gujagyna mäkäm gysaga-da, belli bir ugra däl-de, edil gurjak ýaly edip silterläp başlady» diýip, alym öz ýatlamasynda ýazýar.

Bulaşyk maglumatlar

Gynansak-da, şeýle ýatlamalar bizde az, oňa wagtynda üns berilmedi. Soňra Garaşsyzlyk zamanynda, bu meseläni gozgamaga mümkinçilik döräninde, ähli üns bir adamyň şahsyýetine hem onuň başdan geçiren heläkçiligine gönükdirildi. Diňe bir adamyň sözi diňlendi. Şeýlelikde, bu mesele düýpli hem töwerekleýin öwrenilmedi.

Bu ugurdan ýörite merkez döredilse, tebigy şertleriň getirip biljek kynçylyklaryny öwrenmäge mümkinçilik bolardy. Ol merkez bar bolan maglumatlary ýygnap, ençeme bulaşyk meseläniň takyklaşmagyna, faktlaryň dogruçyllygyna ýardam ederdi.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG