Sepleriň elýeterliligi

Haç taryhyndaky iň uly pajygalaryň sanawy


Mina şäherçesindäki basa-baslykda ölen haç zyýaratçylarynyň jesedi. 24-nji sentýabr, 2015 ý.

Mina şäherçesindäki basa-baslykda ölen haç zyýaratçylarynyň jesedi. 24-nji sentýabr, 2015 ý.

1975-nji ýylyň dekabr aýy: Zyýaratçylaryň çadyr şäherçesinde gaz balony partlany zerarly ýüze çykan ýangynda 200 haç zyýaratçysy ölüpdir.

1987-nji ýylyň iýul aýy: Eýranly haç zyýaratçylary Saud Arabystanynyň polisiýasy bilen dawalaşyp, çaknyşypdyr we munuň netijesinde 400 sany eýranly haç zyýaratçysy ölüpdir.

1990-njy ýylyň iýul aýy: Mekge şäheriniň golaýyndaky Al-Muasissem ýerasty geçelgesinde sowadyjy ulgamynyň hatardan çykmagy sebäpli 1426 haç zyýaratçysy aradan çykypdyr. Şol gün Gurban baýramy we Haç zyýaratynda şeýtan daşlama dessury geçirilýän eken.

1994-nji ýylyň maý aýy: Minadaky Jamarat köprüsinde bolan basa-baslykda 270 haç zyýaratçysy ölüpdir. Şol gün şeýtan daşlanýan gün ekeni.

1997-nji ýylyň aprel aýy: Minada haç zyýaratçylarynyň çadyr düşelgesinde ýüze çykan ýangynda 343 sany haç zyýaratçysy ölüpdir. Ondan soň Saud Arabystany çadyr şäherçesini ýanmaýan maddadan gurmak barada karara gelipdir.

1998-nji ýylyň aprel aýy: Haç zyýaratynyň başyndan ahyryna çenli jemi 119 sany haç zyýaratçysy aradan çykypdyr.

2004-nji ýylyň fewral aýy: Şeýtan daşlanýan dessurynda ýüze çykan basa-baslykda Jamarat köprüsiniň golaýynda 251 haç zyýaratçysy ölüpdir.

2006-njy ýylyň ýanwar aýy: Şeýtan daşlama dessury mahalynda Jamarat köprüsiniň gündogar girişinde 362 sany haç zyýaratçysy ölüpdir.

2015-nji ýylyň sentýabr aýy: Haç zyýaraty başlamazdan birnäçe gün owal Mekgede ýük galdyrýan kranyň ýagny diňiň agdarylmagy sebäpli 111 adam ölüpdir.

2015-nji ýylyň sentýabr aýy: Minada haç zyýaratçylarynyň bolýan düşelgesinden Jamarat köprüsine hereket eden haç zyýaratçylarynyň basa-baslygynda 753 adam ölüpdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG