Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe rus uçarlary howa giňişligime girdi diýýär


Türkiýäniň daşary işler ministri Orsýetiň söweş uçarlarynyň Türkiýäniň howa giňişligini bozandygyny aýdýar.

Ministrlik Orsýetiň Türkiýedäki ilçisi Andreý Karlowy çagyryp, protest bildirendigini habar berdi. Türkiýe giňişliginiň Orsýetiň söweş uçarlary tarapyndan Siriýa bilen serhediniň golaýynda 3-nji oktýabrda bozulandygyny habar berýär.

Daşary işler ministrligi Türkiýäniň iki sany F16 kysymly uçarynyň Orsýetiň uçaryny Türkiýäniň howa giňişligini terk etmäge mejbur edendigini belledi.

Türkiýäniň resmileri Moskwanyň Türkiýäniň howa giňişliklerini mundan beýläk ýene bozan ýagdaýynda “islenilmeýän islendik hadysa jogapkär boljakdygy” barada orsýet ilçisiniň habarly edilendigini aýtdylar. Habar berilişine görä bu barada Türkiýäniň daşary işler ministri Feridun Sinirlioglu Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa hem aýdypdyr.

Türkiýe Orsýeti Siriýada amala aşyrýan howa zarbalary üçin açyk tankyt edýär we onuň prezident Başar al-Assada garşy söweşýän käbir oppozision toparlara zarba urandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG