Sepleriň elýeterliligi

'Talybana' garşy çykyş eden lider öldürildi


Pakistanyň durnuksyz demirgazyk-günbatarynda hökümete tarapdar tire-taýpanyň ýaşulusy bomba partlamasynda heläk boldy.

Köçäniň gyrasynda goýlan içi bombaly awtoulagyň partlamasy Bakkakel şäherinde boldy.

Şäheriň “Talybana” garşy ýaragly toparyna ýolbaşçylyk eden Malik Saýed Ali Wazir keselhana barýarka ýolda aradan çykdy.

Onuň ogly agyr ýaralandy we lukmanlar häzir onuň janyny halas etmek ugrunda göreşýärler.

Hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady, mundan öň şuňa meňzeş hüjümleriň jogapkärçiligini Pakistanyň “Talyban” hereketi öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG