Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa şu ýyl 1.5 million bosguna garaşýar


Germaniýa şu ýyl başpena sorap ýurda 1.5 million adamyň barmagyna garaşýar. Ozalky çaklamalar 800 müň we 1 million adam aralygynda diýlip kesgitlenýärdi.

“Bild” neşri bu sanlary hökümetiň gizlin maglumatlaryna salgylanyp, 5-nji oktýabrda çap etdi.

Siriýadan, Yrakdan, Owganystandan we käbir Afrika ýurtlaryndan Ýewropa barýan ýüzlerçe müň bosgunyň we migrantyň aglaba bölegi Germaniýa aşmaga çalyşýar.

“Bild” neşri Germaniýanyň häkimiýetleriniň “üpjünçiligiň ýetmezçiliginden howatyrlanýandygyny” we täze gelýänleri zerur zatlar we arassaçylyk şertler bilen üpjün etmekde eýýäm häzir kynçylyk çekýändigini belleýär.

Kansler Angela Merkel Germaniýanyň başpena soraýanlara kömek bermek boýunça borjuny berjaý etmegi gowşatmajakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG