Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz saýlawlarynda “Sosial demokratlar” ýeňdi


Gyrgyzystanda geçirilýän parlament saýlawlaryna ses bermäge gatnaşýan gyrgyz zenanlary. 4-nji oktýabr, 2015 ý.

Gyrgyzystanda geçirilýän parlament saýlawlaryna ses bermäge gatnaşýan gyrgyz zenanlary. 4-nji oktýabr, 2015 ý.

Gyrgyzystanda geçen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan ýurduň ”Sosial-demokratik partiýasy” boldy. Onuň etmeli indiki işi koalision hökümeti düzmek bolar.

5-nji oktýabrda, sesleriň hemmesi diýen ýaly sanalandan soň, Merkezi saýlaw komissiýasy sosial-demokratlaryň sesleriň 27,5 prosentini alandygyny bildirdi. Sesleriň 20 prosentini almak bilen ikinji orny eýelän hem ”Respublika Ata-ýurt” partiýasy boldy.

"Ýokary Geňeş" diýip atlandyrylýan 120 agzaly parlamente alty syýasy partiýa girdi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Týigunaly Abdraimow ”Gyrgyzystan” partiýasy sesleriň 12,8 prosentini, ”Onuguu” partiýasy 9,3 prosentini, ”Bir Bol” 8,4, ”Ata Meken” partiýasy hem 7,7 prosentini aldy diýdi.

Abdraimowyň bellemegine görä, saýlawlarda hasaba alnan saýlawçylaryň 59 prosenti ses beripdir.

Adamlar ses bermek üçin garaşdy

Deslapky netijelerden ugur alynsa, onda parlamentde 38 orny sosial-demokratlar eýelär. ”Respublika Ata-ýurt” 28, ”Gyrgyzystan partiýasy” 18, ”Onuguu” 13, ”Bir Bol” 12, ”Ata-Meken” hem 11 orny alar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Brýus Pannieriň Bişkekden bildirmegine görä, alty partiýa parlamentde bolar diýlip "garaşylmandyr".

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy saýlaw uçastoklarynyň käbiriniň öňünde uzyn nobatlaryň dörändigini, adamlaryň ses bermek üçin iki-üç sagatlap garaşmaly bolandygyny habar berdi.

Gyrgyzystanda 2,7 million saýlawçy hasaba alnyp, olara biometrik kartlar berildi. Saýlaw galplygynyň öňüni almak üçin biometrik kartlar Orta Aziýada ilkinji gezek ulanyldy.

Saýlaw galplygy

Premýer-ministriň orunbasary Taýirbek Sarpaşew 4-nji oktýabrda saýlawçylaryň üç-dört prosenti "biometrik ses beriş sistemasynda tehniki problemalar bilen ýüzbe-ýüz boldy" diýdi.

Içeri işler ministrliginiň bildirmegine görä, käbir partiýalaryň sesleri satyn almaga synanyşyk edendigi barada şikaýatlar bolupdyr.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy ýüzlerçe studentiň öz uniwersitet mugallymlarynyň ýol görkezmeginde saýlaw galplygyna gatnaşandygy barada özüne habar gelip gowşandygyny aýtdy.

Demokratiýa we graždan jemgyýeti boýunça koalisiýa ýurtda 500 çemesi saýlaw uçastogynda saýlawlaryň gidişine gözegçilik etdi.

"Durnuklylygy saýlamaga"

Bu guramanyň başlygy Dinara Oşurahunowa Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna "çökder çynlakaý bidüzgünçilikleriň" bolandygy hakynda özlerine habar berilmändigini aýtdy.

Prezident Almazbek Atambaýew ses bereninden soň žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda saýlawçylary Gyrgyzystanyň 2010-njy ýylda awtoritar liderini häkimiýet başyndan aýran rewolýusiýadan bäri geçirýän üçünji demokratik saýlawynda "durnuklylygy saýlamaga" çagyrdy.

Bu parlament saýlawy, bäş ýyl mundan ozal Kurmanbek Bakyýew protestçiler tarapyndan häkimiýet başyndan çekilmäge mejbur edileli bäri, ýurtda geçen üçünji demokratik saýlawlardyr.

Saýlawda saldamly partiýalaryň ählisi prezident Atambaýew bilen onuň hökümetiniň soňky wagtlarda tutan tutumyna eýerip, orsýetçilige ýykgyn etdiler.

Atambaýew-de öz mese-mälim antiamerikan beýanatlary bilen bu hereketlere goşuldy.

XS
SM
MD
LG