Sepleriň elýeterliligi

Hajyň harajaty we "açgöz Saud şalygy"


Saud Arabystanyndaky haç zyýaratçylary.

Saud Arabystanyndaky haç zyýaratçylary.

"Haç zyýaratynyň harajaty häzirki döwürde musulmanlaryň aglabasy üçin örän gymmat derejede".

Her ýyl iki milliona golaý adam haja gidýär. Golaýda haç zyýaratyna baran ýedi ýüzden köpräk adamynyň heläk bolmagyna bimany basa-baslygyň sebäp bolandygy äşgär edildi. Mundan başga-da haç zyýaraty başlamazynyň öňüsyrasynda Mekgede ýük göterýän kran diňiniň metjidiň üstüne ýykylmagy sebäpli hem ýüzden gowrak adam wepat boldy.

Din ugrundan alym Ian Readeriň "The Guardian" gazetinde beren interwýusynda aýtmagyna görä, gadym zamanlarda musulmanlar yslamyň bäş esasy wajyp şertiniň biri bolan haç zyýaratyny berjaý edýän mahaly Arabystanyň çöllerinde keseller, garakçylaryň hüjümleri we ýadawlyk ýaly sebäplerden ölýär ekenler.

Häzirki döwürde bolsa haç zyýaratçylary başga ölüm howplary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Haja gidýänleriň sany 1973-nji ýyldan soň artypdyr

Gazetiň ýazmagyna görä, haja gidýänleriň sany arap-ysraýyl urşundan we 1973-nji ýylda nebitiň bahasynyň gymmatlamagyndan soň birden köpelipdir.

1920-nji ýyllardaky resmi sanlara görä, bütin dünýä boýunça 58 müň 584 adam, Mekgä zyýarat edip, hajy bolupdyr. 2012-nji ýylda bolsa bu san 1 million 700 müň adama baryp ýetipdir.

"Sanyň köpelmegine iň köp täsir eden ýagdaý howa gatnawynyň arzanlamagydyr. Haja gidenler häzirki döwürde terrorçylykly hüjümler, ýerasty geçelgelerden geçilýän mahaly ýa-da şeýtan daşlanýan halatynda ýüze çykýan duýdansyz we özakymlaýyn döreýän basa-baslykda aýak astynda galmak ýaly gorky bilen bir hatarda ýokanç keseller zerarly hem ölüm howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Görülýän berk çäreler ýeterlik bolmaýar

Gazet şeýle ýazypdyr: "Käbir adamlar Mekgedäki wezipeli jogapkär adamlaryň tarapyny tutýarlar. Şähere gaty gowy belet bir bilermen bolsa görülýän berk çäreleriň hem ýeterlik däldigini nygtaýar. Saud hökümetiniň işgärleri bu ugurda elinden gelen aladany edýärler. Ýöne olar göwnejaý iş edip biljek derejede kämilleşmändirler".

Liberal žurnalist Halid al-Meaananyň ýazmagyna görä, degişli ministrlik we onuň işgärleri düýbünden täzeçe dolandyrylyş medeniýetini döretmelidir. Haja baranlara geldi-geçer hyzmat hödürlenmeli däldir.

Saud Arabystanynda ýaşamaýanlar bolsa bu tema gatyrganma bilen çemeleşýärler. Kanadaly musulman bilermen Zafar Bangasyň aýtmagyna görä, hajyň tebigy howplarynyň gapdalynda adam eli bilen emeli ýagdaýda döredilen howplar hem bar: "Haç zyýaraty häzirki döwürde musulmanlaryň aglabasynyň diýen ýaly töläp bilmejek pul derejesine çykdy. Näme üçin? Açgöz Saud şalygy şeýle pursatdan peýdalanyp, banklardaky pullaryny hasam köpeltmek isleýärler".

"Birmeňzeş hadysalar gaýtalanmaýar"

"Angliýanyň raýaty we birnäçe hepde mundan owal Mekgä gidip gelen bir musulman şäheri ullakan diňleriň dikeldilen meýdançasyna meňzedipdir.

"Ruha laýyk atmosfera ýokdy. Bir ýere gitjek bolsaň, gaty uly kynçylyk çekýärsiň. Şonuň üçinem dostlaryma gitmezligi maslahat berdim".

Angliýanyň Saud Arabystanyndaky ozalky baş ilçisi William Pateý bolsa haç zyýaratyna gelýänleriň aşa köplüginiň problema döredýändigini öňe sürýär: "Elbetde, dogry. Ýagny Saud Arabystan guramaçylyk taýdan dünýäde ilkinji ýerde durmaýar. Ýöne olar munuň üçin jan edýärler. "Hadysalar bolup geçdi" diýip, ýagdaýy ünsden düşürmeýärler. Problemany düýpli çözmäge synanyşýarlar. Şonuň üçinem birmeňzeş hadysalar gaýtalanmaýar. Ýöne haçda dünýäde deňi-taýy bolmadyk ummasyz uly möçberdäki maddy we tehniki enjamlar bilen üpjünçilik problemasy bar".

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG