Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistandan dolananlaryň tejribeleri


Türkmenistanyň pasporty.

Türkmenistanyň pasporty.

Türkmenistanyň täze biometriki pasporta geçmegi bilen köne pasportly, ylaýta-da daşary ýurtlarda maşgala gurup ýaşaýan ýa-da işleýän migrantlaryň durmuşynda käbir kynçylykly öwrümleriň dörändigi aýdylýar.

Daşary ýurt raýatlaryna durmuşa çykan türkmen zenanlaryň ýa-da türkmen migrantlaryň täze pasport almak üçin Türkmenistana gideninden soň, yzyna dolanyp bilmän galýandygy barasynda häli-şindi dürli habarlar eşidilýär.

Eýse, täze pasport almaga Türkmenistana gidip, soňam yzyna dolanyp gelenler ol ýerde nähili ýagdaýlary başdan geçirýär? Olar, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň proseduralary bilen nähili başa çykyp bildiler? Türkmenistana pasport çalyşmaga gidip, soňam yzyna maşgalasyna ýa-da işine dolanyp bilmän galanlara näme päsgel berýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkmenistandan dokumentlerini düzedip, dolanyp gelenleriň tejribelerine gönükdirýär.

Bu temada gepleşige gatnaşyp, öz başdan geçirmelerini hem tejribelerini gürrüň bermek isleýänler hat@azatradio.org we metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip bilerler. Şeýle-de bu tema barasynda sorag soramak ýa-da öz pikirdir-garaýyşlaryny beýan etmek isleýänler aşakdaky foruma teswir ýazyp bilerler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG