Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemen: myhmanhana raketa düşdi


Aden şäherinde ýangyna uçran Al-Kasr myhmanhanasy, 6-njy oktýabr, 2015.
Aden şäherinde ýangyna uçran Al-Kasr myhmanhanasy, 6-njy oktýabr, 2015.

Ýemeniň port şäheri Adende hökümet agzalarynyň ýerleşen myhmanhanasynda ýangyn döredi. 6-njy oktýabrda bolan bu ýangynyň raketanyň zarbasyndan dörändigini, şaýatlara salgylanyp Al-Arabiýa telewideniýesi habar berdi.

AFP agentligi resmilere salgylanyp, hüjümiň netijesinde adamlaryň “ölendigini we ýaralanandygyny” habar berdi. Pidalaryň arasynda prezident Abd-Rabbu Mansur Hadiniň, premýer-ministr Haled Bahahyň we beýeki hökümet resmileriniň bolup-bolmandygy habar berilmedi.

Reuters agentligi Bahahyň we Ýemeniň beýleki resmileriniň hüjümden zeper çekmändigini, Hadiniň bolsa ýurduň daşynda bolmagynyň hasap edilýändigini habar berdi.

Bahah we onuň ministrleri alty aýlyk sürgünlikden soň iýul aýynda şaýylaryň Huthi gozgalaňçylarynyň elinden basylyp alnan Ýemeniň Aden şäherinde ýerleşýärler.

XS
SM
MD
LG