Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran kitap sergisini boýkot edýär


Eýran indiki hepdede Frankfurt şäherinde geçiriljek kitap sergisini boýkot etmek barada haýbat atyp, öz kararyny sergide çykyş etmek üçin ýazyjy Salman Ruşdiniň çagyrylmagy bilen düşündirdi.

Britaniýanyň raýaty ABŞ-da ýaşaýan Ruşdiniň “Melgun goşgulary” atly kitaby üçin Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ruhollah Homenei 1989-njy ýylda ýazyja garşy fatwa ýagny dini gadagançylygy girizipdi we onuň kitabynyň “yslama şek ýetirýändigini” aýdypdy.

Eýranyň medeniýet ministriniň orunbasary Abbas Salehiniň 5-nji oktýabrda ISNA täzelikler agentligine aýtmagyna görä, Eýran dünýädäki iň uly kitap sergisiniň guramaçylaryna protest hatyny iberipdir.

Eýranyň fatwa dini gadagançylygy Ruşdini ençeme ýyllap gizlenmäge mejbur edipdi. Ol ençeme ýyllap polisiýanyň yzygiderli goragy astynda bolupdy.
Homeini 1989-njy ýylda ýogaldy, emma onuň ornuna geçen Ayatollah Ali Hamenei 2005-nji ýylda fatwanyň henizem güýjünde galýandygy aýtdy.

XS
SM
MD
LG