Sepleriň elýeterliligi

Fizika boýunça Nobel baýragy kesgitlendi


2015-nji ýylyň fizika boýunça Nobel baýragy kanadaly Arthur MakDonalda (Arthur McDonald) we ýaponiýaly Takaaki Kajita neýtrino ossillýasiýalar boýunça açyşy üçin berildi.

Şwesiýanyň Ylymlar boýunça patyşalyk akademiýasy bu adamlaryň geçiren eksperimentleriniň “subatom jisimleri bolan neutrinolaryň materiýalaryň içerki gurluşy baradaky düşünjeleri üýtgedendigini we munuň tutuş äleme bolan garaýyşlar üçin aýgytly bolup biljekdigini” görkezendigini aýtdy.

Kajita Kosmiki şöhleleri barlaýan institutyň müdiri we Tokio uniwersitetiniň professory.

MakDonald Kanadanyň Kingston şäheriniň Patyşalyk uniwersitetiniň professory.
Alymlar 960,000 müň amerikan dollary möçberdäki baýragy paýlaşarlar. Baýragy gowşuryş dabarasy 10-njy dekabrda Osloda geçiriler.

XS
SM
MD
LG