Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: 23 resmi tussag edildi


Täjigistanyň prokurorlary gadagan edilen “Yslam gaýtadan döreýiş partiýasynyň” 23 resmisiniň tussag edilendigini, olaryň ençemesiniň sentýabryň başynda goranmak ministriniň öňki orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ganly gozgalaňyna gatnaşmakda güman edilýändigini aýdýarlar.

6-njy oktýabrda Täjigistanyň Baş prokuraturasy yslamçy partiýanyň resmilerine garşy jenaýat işiň gozgalýandygyny, olaryň terrorçylykda, dini we jynsy ýigrenji tutaşdyrmakda we güýç bilen häkimiýeti basyp almakda aýyplanýandygyny aýtdy.

Olaryň ençemesine galplyk, hilegärlik we ykdysady jenaýatçylyklar bilen bagly aýyplamalar ýöňkelýär.

29-njy sentýabrda Täjigistanyň Baş sudy “Yslam gaýtadan döreýiş partiýasyny” ekstremist we terrorist topar diýip yglan etdi we gadagançylyk girizdi.

XS
SM
MD
LG