Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ keselhana edilen hüjümi derňeýär


Keselhana edilen hüjümiň pidalary gözlenýär, Gunduz. 3-nji oktýabr, 2015.

Keselhana edilen hüjümiň pidalary gözlenýär, Gunduz. 3-nji oktýabr, 2015.

ABŞ, NATO we Owganystan Owganystanyň keselhanasyna howadan edilen heläkçilikli hüjümi derňeýärler, şu sebäpden BMG-niň derňewlerine zerurlyk ýok, diýip resmiler aýdýarlar.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Moon 3-nji oktýabrda bolan hadysany “bitarap” derňemäge çagyrdy, emma onuň metbugat wekili Stefane Dujjariç başda beýleki derňewleriň geçirilmelidigini aýtdy: “Biz ynamdar we açyk derňewlere garaşýarys”.

Diplomatik çeşmeler ABŞ-nyň we NATO-nyň ynamdar derňewleri geçirmäge ukyplydygyny adýarlar.

ABŞ-nyň resmileri Gunduzda Serhetsiz lukmanlar gurmasynyň keselhanasyny ýumuran we azyndan 22-nji adamyň wepat bolmagyna getiren howa hüjümleri doly derňemegi wada berdiler. Pentagon hüjümlere “Talybanyň” oky astyndaky owgan güýçleriniň jogapkärdigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG