Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus zarbalary gury ýer hüjümi bilen utgaşdy


Orsýetiň öten agşam günbatar Siriýa uran howa zarbalarynyň yzy Siriýanyň hökümet güýçleriniň pitneçi pozisiýalarynyň azyndan dördüsine garşy gury ýer hüjümleri bilen utgaşdy.

Siriýanyň Britaniýadaky Adam hukuklary obserwatoriýasy 7-nji oktýabrda rus uçarlarynyň Siriýanyň iki welaýatyna intensiw howa zarbalaryny urandygyny aýtdy.

Howa zarbalarynda merkezi Hama welaýatynda dört ýer, demirgazyk-günbatar Idlib welaýatynda bolsa üç ýer nyşana alyndy.

Bombalaýyş Siriýanyň hökümetçi milisiýasynyň pitneçi pozisiýalaryna garşy gury ýer hüjümleri bilen utgaşdy.

Aýdylmagyna görä, bu howa zarbalarynyň ilkinji gezek gury ýer hüjümleri bilen utgaşmasy bolup durýar.

XS
SM
MD
LG