Sepleriň elýeterliligi

Orsýet, Türkiýe şertnama üstünde işleýär


Orsýetiň hökümeti Türkiýe bilen planlaşdyrylan gaz geçiriji ylalaşygy boýunça hökümetara şertnamasynyň taslamasyny taýýarlaýar.

Gazpromyň başlygy Alekseý Miller 7-nji oktýabrda žurnalistlere «Türk akymy» proekti boýunça şertnamanyň üstünde işleýändigini aýtdy.

Şeýle-de ol Ankaranyň rus uçarlarynyň türk howa giňişligine aralaşmagy bilen bagly gahary bu şertnama zyýan ýetirer öýmeýändigini aýtdy.

Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak hepde ahyrynda Stambulda žurnalistlere bu şertnama Türkiýäniň 1-nji noýabrda geçjek saýlawlaryndan soň, täze ýyla geçilmän gol çekiljegini aýtdy.

«Türk akymy» geçirijisi Orsýetden Türkiýä, Gara deňziň astyndan çekilip, türk-grek serhedine we ol ýerden hem, eger grek hökümeti rugsat berse, günorta Ýewropa uzar.

XS
SM
MD
LG