Sepleriň elýeterliligi

Sahawat guramalary Gunduzdan gaçýar


BMG 6-njy oktýabrda, ol ýerdäki hassahana tötänden bombalanyndan soň, Gunduzdaky ähli halkara kömek guramasynyň söweşe gaplanan owgan şäherini terk edendigini aýtdy.

"Gunduz şäherinde häzir hiç bir ynsanperwer agentligi galmady» diýip, BMG-niň ynsanperwer agentiliginiň sözçüsi Jens Laýerke aýtdy.

"BMG-niň iki guramasy, dört sany milli gurama, 10 sany halkara jemgyýetçilik guramasy, Gunduzda dowam edýän konflikt, durnuksyz howpsuzlyk ýagdaýy sebäpli, wagtlaýyn başga ýerlere geçirildi" diýip, ol aýtdy.

Sahawatlylyk guramalarynyň bu şäheri terk etmegi «Talybanyň» polisiýa edarasyna we hökümet binalaryna gaýtadan hüjüm eden wagtyna gabat geldi.

Ýogsa hökümet güýçleri ýap-ýaňy şähere kontrollygy dikeldipdiler.

Käbir «talyban» nökerleri şäheriň merkezine çenli golaýlady we diňe gazaply garşylyk sebäpli yza çekildi. Ýerli ýaşaýjylar muny urup-gaçmak diýip atlandyrdylar.

XS
SM
MD
LG