Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko: Belarusa rus bazasy gerek däl


Prezident Aleksandr Lukaşenko Belarusda Orsýetiň harby howa bazasynyň döredilmek planlaryndan özüniň habarsyzdygyny aýtdy.

"Bize häzirki pursatda baza gerek däl» diýip, Lukaşenko 6-njy oktýabrda aýtdy. "Men oppozisiýanyň rus howa bazasynyň gurulýandygy baradaky gykylygyny eşidýärin.

Men ol barada hiç zat bilemok” diýip, belarus prezidenti 500 çemesi oppozisiýa aktiwisti Minsk şäheriniň merkezinde şeýle bazanyň döredilmegine garşy protest gurnanyndan iki gün soň aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin sentýabrda hökümetiň howa bazasyny gurmak barada şertnama baglaşmagyna razylyk berdi we bu meselede Belarus bilen gepleşiklere başlamagy buýurdy.

Orsýetiň Belarusda iki harby desgasy bar, şeýle-de bu ýurtda käbir söweş uçarlaryny saklaýar.

Emma sowet döwründen bäri ol ýerde doly manysyndaky harby baza gurmak plany bolmandy.

XS
SM
MD
LG