Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gözellik soltany" uniwersiteti suda berdi


Mawzuna Abdulloýewa.
Mawzuna Abdulloýewa.

Täjigistanyň Hojant şäheriniň student gyzlarynyň arasyndan saýlanan "Gözellik soltany" bäsleşige gatnaşan döwründe çeken ýitgileriniň öwezini kazyýetiň üsti bilen dolmaga synanyşyk edýär.

Hojant döwlet uniwersitetiniň 4-nji kursunda okaýan studenti Mawzuna Abdulloýewa "2015-nji ýylyň iň gözel gyzy" atly owadanlyk bäsleşiginde ýeňiş gazandy. Ol bäsleşige şäheriň beýleki student gyzlary hem gatnaşypdylar. Onuň bilim alýan uniwersiteti bäsleşige gatnaşan mahaly student gyzyň ähli harajatyny öz üstüne almaga söz berendigine garamazdan, soňra wadasyndan dänipdir. Ýokary okuw jaýynda aýdylýan gürrüňe görä, ähli çykdajyny bir jemgyýetçilik guramasy öz üstüne almaly ekeni.

Puly gönümel özüne bermediler

Mawzuna Abdulloýewanyň Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtmagyna görä, şertnama laýyklykda ýokary okuw jaýynyň dolandyryşy bäsleşige gatnaşmak üçin tikdirilen ähli eginbaşlaryň çykdajysyny soň tölemeli ekeni. Student gyz, 2500 somony (385 amerikan dollary) çykdajy edilendigine garamazdan, ýokary okuw jaýynyň edarasyna 1895 somonylyk (292 amerikan dollary) çykdajynyň kagyzyny eltip beripdir. Ýöne muňa garamazdan, häzire çenli oňa hiç hili pul gaýtarylyp berilmändir.

Mawzunanyň gürrüň bermegine görä, problemalar, haçan-da ýokary okuw jaýynyň administrasiýasy bäsleşigiň eginbaşlary üçin tölenmeli puly gönümel onuň öz eline bermän, " Hojantdaky Wahdati jawonon" atly bir jemgyýetçilik guramasynyň üstünden bermäge synanyşan mahaly başlanypdyr.

Ýaşlar guramasynyň baştutany wezipesini taşlady

Üç aý geçenden soň student gyz Sogd welaýatynyň döwlet maliýe derňew gullugy bilen korrupsiýa garşy göreş edarasyna ýüz tutmaly diýen karara gelipdir. Mawzunanyň arz-şikaýatyna laýyklykda, derňew işi başladylypdyr we onuň işi Hojant şäheriniň kazyýetine tabşyrylypdyr. Gozgalan işe görä, "Wahdati jawonon" atly jemgyýetçilik guramanyň ýolbaşçysy Hasan Holikow aýyplanypdyr. Sülçi Nigora Nazarijon, 30-njy sentýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Holikowyň uniwersitetiň edarasy tarapyndan berlen puly eýesine ýetirmändigi sebäpli ogurlykda aýyplanýandygyny aýdypdyr.

"Gözellik soltany" uniwersitetiň näme sebäpden bäsleşik üçin tölenmeli puly bir jemgyýetçilik guramasynyň üstünden geçirip tölemäge synanyşandygyna henizem düşünip bilmeýär. "Wahdati jawonon" atly jemgyýetçilik gurama bilen şertnama gol çeken uniwersitetiň Ýaşlar guramasynyň owalky baştutany Muzaffar Dadaboýew bolsa Azatlyk Radiosyna bolan waka hakda öz pikirini aýtmakdan saklanýar. Ol özüniň diňe 2-nji sentýabrda ýokary okuw jaýynyň Ýaşlar guramasynyň baştutany wezipesini taşlandygyny aýdýar.

Hojantda gözellik bäsleşigi on ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýär. Bäsleşigi gurnaýanlaryň bellemegine görä, milliligi goldaýan şeýle çäreler ýaşlaryň estetika hem geýim geýmek taýdan kämilleşmegine gönükdirlendir.

XS
SM
MD
LG