Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Orsýet bilen gepleşmek isleýär


Türkiýe, Orsýetiň indiden eýläk türk howa serhedini bozmagynyň öňüni almak üçin, rus harby resmileri bilen duşuşyk teklip edýär.

Türkiýäniň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Tanju Bilgiç 7-nji oktýabrda Türkiýe rus harbylary bilen duşuşyp, howa serhediniň bozulyşyny düşündirmäge hem-de indi beýle zadyň bolmazlygy üçin görülmeli çäreler barada gürleşmäge rugsat berilmegini teklip etdi diýdi.

Bilgiç Türkiýedäki rus ilçisi Andreý Karlowyň 6-njy oktýabrda rus uçarlarynyň hepde ahyrynda türk howa giňişligini bozanlygy sebäpli gürleşmek üçin üçünji gezek çagyrylandygyny aýtdy.

Bilgiç rus mediasynyň Türkiýe Moskwanyň Siriýadaky hereketlerini kordinirlemek üçin «iş toparyny» döretmegi teklip etdi diýen habaryny ret etdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu 7-nji oktýabrda Siriýa konfliktiniň, Moskwa bilen Ankaranyň arasyndaky dawa zerarly, Orsýet bilen NATO-nyň arasynda krizis döretmegini islemeýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG