Sepleriň elýeterliligi

“Daşardan gelen gelinler kösenýär"


Ene we ogul.

Ene we ogul.

Türkmenistanyň raýatyna durmuşa çykan käbir özbek gelinleri özlerine türkmen raýatlygynyň berilmeýändigini aýdyp, şikaýat edýärler. Olaryň käbirleri eýýäm on ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň raýatlygyny almaga synanyşýandyklaryny, emma özleriniň bu synanyşygynda şowsuz bolýandyklaryny belleýärler.

Daşoguz şäherinden özüni Sona diýip tanyşdyran öý hojalykçy zenan Türkmenistanyň raýatlygyny almak meselesi sebäpli käbir maşgalalaryň bozulandygy hem aýdýar. Ol bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG