Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: gazgeçiriji proýekt soňa goýuldy


Russiýa: Türkiýe bilen gazgeçiriji proýekt soňa goýuldy
Russiýa: Türkiýe bilen gazgeçiriji proýekt soňa goýuldy

Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy özüniň Türkiýe bilen arasyndaky ägirt uly gazgeçiriji proýektiň gurluşygynyň soňa goýulandygyny aýtdy. Bu çäre Russiýanyň Siriýa konfliktine goşulyşmagy sebäpli Moskwa bilen Ankaranyň arasynda dartgynlylyklar artan mahaly boldy.

7-nji oktýabrda Moskwada “Gazprom” kärhanasynyň ýerine ýetiriji başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew habarçylaryň öňünde çykyş edip, ol dört gazgeçirijiniň birinji böleginiň gurluşygy üçin öňümizdäki ýyla çenli goýlan wagt möhletine salgylanyp: “Hökümetara ylalaşyklaryň bolmandygyny nazara alanymyzda [proýektiň gurluşygy] soňa goýlar” diýdi.

Russiýa Siriýadaky “Yslam döwleti” atly topara, şol sanda Ankara tarapyndan goldanylýan aram güýçlere garşy howa zarbalaryna başlamak arkaly Ankarany gaharlandyrdy. Bu ädim türk liderleri tarapyndan “örän uly ýalňyş” diýlip atlandyryldy.

Şu hepdäniň dowamynda Russiýanyň uruş uçarlary Türkiýäniň howa giňişligini iki gezek bozdy. Bu NATO agza Türkiýäniň gahar-gazaply çykyşlary etmegine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG