Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stotenberg: Rus harby hereketleri ‘aladaly möwjeýär’


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg.

NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg Russiýanyň Siriýadaky howa kampaniýasy has köp giňäninden bir gün soň, Moskwanyň Siriýadaky harby hereketlerinde “aladaly möwjemäniň” bolandygyny aýtdy.

Stoltenberg 8-nji oktýabrda Brýusselde NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geçirjek ýygnagynyň öňýanynda çykyş edip, ol Russiýanyň uruş uçarlary Türkiýäniň howa giňişligini bozansoň, zerur bolan halatynda bileleşik NATO agza Türkiýäniň çägine öz harby güýçlerini ýerleşdirmäge taýýar diýdi.

Stoltenberg NATO “bileleşigiň howpsuzlygy üçin soňky özgerişleri we onuň netijelerini yzarlar” diýdi.

30-njy sentýabrda Russiýa Siriýadaky gozgalaňçy pozisiýalarynda howa zarbalaryny amala aşyryp başlady. Bu çäre Birleşen Ştatlaryň liderliginde Siriýadaky we Yrakdaky “Yslam döwleti” atly topara garşy amala aşyrylýan howa zarbalaryna gatnaşýan Türkiýe we beýleki günbatar ýurtlary tarapyndan tankyt edildi.

XS
SM
MD
LG