Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal gyrgyz ymamy höküm edildi


Gyrgyzystanyň günortasyndaky uly metjidiň ymamy ekstremizm aýyplamalary bilen bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Ymam Raşod Kori Kamolowyň aklawçysy Nazgul Suýunbaýewa Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda 7-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş regionynyň Kara-Suu etrabynyň sudy Kamolowy bäş ýyl türme tussaglygyna hökümet etmezden öň, ony dini agzalalygy möwjetmekde we ekstremist mazmunly maglumatlary saklamakda we ýaýratmakda günäli tapdy diýdi.

37 ýaşyndaky Kamolow Kara-Suu etrabyndaky As-Sarahsi metjidinde täsirli dindar we ymam hasaplanylýardy.

Ol şu ýylyň fewral aýynda ýurtda gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” yslamçy toparynyň işjeň agzasy bolmakda we Gyrgyzystanda yslam halyfatynyň döredilmegine çagyryş etmekde şübhelenilip, tussag edilipdi.

Kamolow özüniň günäsizdigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG