Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan guramasy Russiýany aýyplaýar


Britaniýanyň döwlete degişli däl guramasynyň ýaýradan jemleýji raportynda Malaýziýanyň howaýollaryna degişli uçaryň Russiýanyň Buk ýer-howa raketa sistemasy tarapyndan urlup, aşak gaçyrylandygy öňe sürülýär. 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda heläkçilige uçran bu uçardaky 298 ýolagçynyň ählisi heläk bolupdy.

Internetde elýeterli bolan maglumatlary analizleýän «Bellingcat» guramasy 8-nji oktýabrda bu hadysa bilen ilteşikli Buk anti-uçar sistemasynyň 2014-nji ýylyň iýunynda Orsýetiň Kursk şäherinden Malaýziýanyň MH17 ýolagçy uçarynyň urlup ýykylan gününde Ukrainanyň Donetsk oblastynda ýerleşýän Snižne şäheriniň daş ýüzündäki meýdança getirilendigini yzlap bolýandygyny aýdýar.

Şol günüň ertesi, şol Buk sistemasyndan raketa atyjynyň, üsti adatça jem bolýan dört raketa derek diňe üç raketaly, Luhansk oblastynyň Orsýet serhediniň golaýynda bolandygy dokumentleşdirildi diýip, hasabatda aýdylýar.

Malaýziýanyň howaýollaryna degişli “MH17” belgili uçar heläkçiligi bilen baglanyşykly resmi raport 13-nji oktýabrda Bilelikdäki halkara derňew topary tarapyndan ýaýradylar. “Bellingcat” guramasy bu topar bilen hyzmatdaşlyk edýär.

XS
SM
MD
LG