Sepleriň elýeterliligi

Bellingcat: MH17-ni rus Buky ýykdy


Bellingcat, MH17 "Açyk çeşme subutnamasy" hasabatynyň şekillerinden.

Bellingcat, MH17 "Açyk çeşme subutnamasy" hasabatynyň şekillerinden.

Britaniýanyň hökümetden aýry guramasy Malaýziýanyň 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda gündogar Ukrainada urlup ýykylan ýolagçy uçary boýunça hasabatyň gysgaça jemlerini çap etdi, onda uçaryň Orsýetiň Buk ýer-howa raketa sistemasyndan atylyp urlandygy aýdylýar. Şonda bu uçaryň bortundaky 298 adamyň hemmesi wepat bolupdy.

Internetde elýeterli bolan maglumatlary analizleýän «Bellingcat» guramasy 8-nji oktýabrda bu hadysa bilen ilteşikli Buk anti-uçar sistemasynyň 2014-nji ýylyň iýunynda Orsýetiň Kursk şäherinden Malaýziýanyň MH17 ýolagçy uçarynyň urlup ýykylan gününde Ukrainanyň Donetsk oblastynda ýerleşýän Snižne şäheriniň daş ýüzündäki meýdança getirilendigini yzlap bolýandygyny aýdýar.

Şol günüň ertesi, şol Buk sistemasyndan raketa atyjynyň, üsti adatça jem bolýan dört raketa derek diňe üç raketaly, Luhansk oblastynyň Orsýet serhediniň golaýynda bolandygy dokumentleşdirildi diýip, hasabatda aýdylýar.

"Biz soňky 18 aýda açyk çeşmelerdäki ähli derňewe syn etdik we MH17 uçarynyň urlup ýykylan raketa atyjysyny rus harbylary berendir diýip netije çykarmaga ýeterlik esas bar, sebäbi ol raketa Snižnäniň daş ýüzünden atylypdyr" diýip, «Bellingcat» guramasynyň esaslandyryjysy we direktory Elliot Higgins aýdýar.

«Onsoň biz bu Buk raketa atyjynyň ters yzyny çalyp, ony beren harby birikmäni, 53-nji brigadany hem tapyp bildik» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Higgins «Bellingcat» guramasynyň 53-nji brigadanyň MH17 uçarynyň urlup ýykylmagy bilen ilteşikli bolup biljek şahsy agzalary baradaky maglumaty bu hadysany derňeýän häkimiýetlere iberendigini hem sözüne goşdy.

«Bellingcat» guramasynyň hasabatynda Orsýetiň Goranmak ministrliginiň 2014-nji ýylyň 21-nji iýulynda guralan metbugat ýygnagynda edilen dört beýanata hem garşy çykylýar.

Ol beýanatlarda rus resmileri MH17 uçarynyň ukrain harby uçary tarapyndan ýa-da ukrain harbylary tarapyndan kontrolluk edilýän Buk sistemasy bilen urlup ýykylan bolmagy ahmal diýipdiler.

«Bellingcat» rus harbylarynyň metbugat ýygnagyndaky wideo, radar we fotografiýa subutnamalaryny nädogry görkezendigini öňe sürýär.

«Orsýetiň Goranmak ministrligi we [Buk öndüriji] Almaz-Antey tarapyndan görkezilen alternatiw ssenariýa gowy diýlende çökder ýoýlan, ýa-da bilkastdan, derňewi bulaşdyrmak üçin galplaşdyrylan subutnamanyň ulanylmagy bolup durýar" diýip, «Bellingcat» guramasy aýdýar.

Moskwa gündogar Ukrainadaky konflikte rus harbylarynyň gatnaşygyny ret etdi.

Bilelikdäki halkara derňew toparynyň MH17 betbagtçylygy barada «Bellingcat» guramasynyň hyzmatdaşlygynda taýýarlan resmi hasabaty 13-nji oktýabrda çap ediler.

Derňewiň netijeleri boýunça iýul aýynda çap edilen deslapky hasabatda MH17 uçarynyň Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň elindäki ýerden atylan Buk raketasy bilen urlup ýykylandygy aýdylypdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG