Sepleriň elýeterliligi

Üstümizdäki ýylda türkmen saz sungatynyň görnükli wekili Pürli Saryýewiň dünýä inenine 115 ýyl dolýar.

Ol ussat sazanda hem uly halypa saýylýar. Sebäbi geçen asyrdaky türkmen saz sungatynyň ýeten derejesinde Pürli Saryýewiñ aýratyn hyzmaty bar. Ol sungaty Pürli agasyz göz öňüne getirmek kyn.

Halypanyň mirasdüşeri

Pürli Sary 1900-njy ýylda Bäherdeniň Bamy obasynda, tanymal halypa Sary bagşynyň maşgalasynda dünýä inipdir. Oglunyň özüne murasdüşer bolmagy üçin, Sary bagşy oňa kakasynyň adyny dakypdyr.

Ol çagalykdan kakasynyň aýdym aýdyşyny, saz çalyş tärlerini öwrenip başlapdyr. Sary bagşy öz ogullarynyň gyjakçy bolmagyny isläpdir. Onuň ogullary Pürli, Nury hem Oraz, hatda ýegeni Annageldi Jülge-de gyjaga ýykgyn edipdirler. Sebäbi Sary bagşy döwründe Ahalda ussat gyjakçy az ekeni.

Şol wagtyň özünde Pürli dutar çalmaga-da uly höwes bildiripdir.

Pürli ýaşlygyndan, kakasynyň ýanynda gyjak çalyp, oňa sazanda bolupdyr.

Ýetginjeklik döwründe Kel bagşy, Täçmämmet Suhanguly ýaly belli sazandalaryň şägirdi bolupdyr.

1928-nji ýyldan, ýagny türkmen radiosy öz işine başlaýan döwründen, ol ýerde döredilen halk saz gurallary ansamblynda gyjakçy bolup işe başlapdyr.

Hyzmat

Sungaty öwrenjiler Pürli aganyň sungat älemindäki hyzmatyny uly üç topara bölýärler.

Owaly bilen ol ussat sazanda bolupdyr. Ol saz äleminde kemala gelip, saz sungatynyň içinde ösüp ýetişensoň, saz sungatynyň janly ensiklopediýasyna öwrülipdir.

Ol gyjaga ezberligi ýaly, dutaryň hem uly ussady bolup ýetişipdir. Soňlugy bilen dutar çalmaga has köp ýykgyn edipdir.

„Pürli gaýratyna bäs gelip bilmän dutara geçdi“ diýip, sazandany golaýdan tanaýanlar gürrüň edýän ekeni.

Pürli aganyň ikinji bir beýik hyzmaty guramaçylyk hem halypalyk ukybydyr. Ol köp ýyllap Türkmen halk saz gurallary ansamblynyň ýolbaşçysy boldy. Ukyply ýaşlaryň ösüp ýetişmegine köp ýardam edipdir.

– Ol sazyň her bir öwrümini, iň çylşyrymly bölegini gaty takyklyk bilen öwretmegi başarýardy. Ol bize sazyň kyn bölegini: „Ine, şeýle etmeli“ diýip, hem gyjakda çalyp görkezerdi, hem dutarda. Onuň saz ugrundan hiç asgyn tarapy ýokdy – diýip, belli sazanda Ata Awly birnäçe gezek ýatlady.

Pürli Sarynyñ üçünji bir uly hyzmaty – ol mukamçy kompozitordy. „Bagyşlanýar“ sazyndan başlap, onuň her bir döreden eseri örän özboluşlylygy bilen tapawutlanýardy.

Ol „Lälezar bolar“, „Türkmenistanym“, „Joşgun“, „Säherde“ ýaly ençeme gowy sazlary döretdi.

Şeýlelikde, Pürli Sary saz äleminde uly halypa öwrüldi. Ol halk aýdym-sazlaryna ata-babasyndan galan miras hökmünde çemeleşdi. Ol sazlary hem aýdymlary gorapdyr. Olaryň ýoýulmagyna, asyl durkundan üýtgedilmegine berk garşy durupdyr. Şonuň bilen birlikde, milli saz sungatyň ösmegine hem kämilleşmegine ýol açypdyr.

Janköýerler

Saz äleminden gürrüň gidende, üç uly halypany deň hatarda goýýarlar. Olar Mylly Täçmyrat, Jepbar Hansähet hem Pürli Sary. Bularyň hersiniň gaýtalanmajak, beýleki birine meňzedip bolmajak öz ýoly, öz aýratynlyklary bar. Saz söýüjiler dutaryň ilkinji kakuwyny eşidenlerinden, ol sazy şol ussatlaryň haýsy biriniň çalýandygyny ýalňyşman aýdyp bilýärler.

Şonuň bilen birlikde, bu ussatlaryň hersiniň öz diňleýjileri hem bar. Şol diňleýjiler, ýagny sazandanyň janköýerleri öz halaýan ussadyny belentde goýýar.

Pürli aga gyjakda ussatmy ýa dutarda; ony aýtmak kyn. Belki-de, ol hem dutarda, hem gyjakda ussatdyr.

Muny maňa kursdaşym Kakajan Baýlyýew gürrüň berdi. Onuň kakasy Baýly aga Tejen etrabynyň öňki „Pobeda“ kolhozynyň başlygy ekeni. Ol pagta planyny dolanynda, Türkmen radiosyndan jaň edip, şatlykly günde nähili aýdym-saz eştmek isleýänini sorapdyrlar.

Ol ýüzugra Pürli Sarynyň “Nergyzyny” eşitmek isleýändigini aýdypdyr.

– „Nergyz“ bolmasa, başga näme isleýäňiz? – diýip, ätiýaçdan sorapdyrlar.

Baýly aga ýüzugra:

– Onda Pürli halypa „Nejoldyny“ çalaýsyn – diýipdir.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG