Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahatçylyk boýunca Nobel baýragy yglan edildi


Tunisiň Milli Dialog kwarteti 2015-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna eýe boldy.

Resmiler bu kararyny 9-njy oktýabrda Osloda yglan edip, toparyň Tunisde 2011-nji ýylda prezident Zine El Abidine Ben Alini agdaryp, amala aşyrylan rewolýusiýanyň netijesinde “köp pikirli demokratiýanyň gurluşygyna aýgytly goşant goşandygyny” aýtdylar.

Tunisiň Milli Dialog Kwarteti 2013-nji ýylyň sentýabrynda döredilipdi we dört ýerli guramany, ýagny Tunisiň senagat, söwda we hünär konfiderasiýasyny, Tunisiň Baş zähmet bileleşigini, Adam hukuklary boýunça ligasyny we Tunisiň aklawçylarynyň milli bileleşigini öz içine alýar.

2013-nji ýylyň oktýabr aýynda kwartet ýurdy durnuklaşdyrmak ugrunda ýol kartasyny öňe sürüpdi. Şondan bäri plan durmuşa geçirilip, hususan-da 2014-nji ýylda parlament we prezidentlik saýlawlary geçirildi.

972 müň amerikan dollaryna barabar baýrak 10-njy dekabrda Osloda goşwurylar.

XS
SM
MD
LG