Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: 'Talyban' gepleşige taýýar


“Talybanyň” düzümindäki gapma-garşylyklar owgan hökümeti bilen parahatçylyk ugrundaky gepleşikleri yza tesdirýär, emma söweşiji toparyň agzalarynyň 70% çemesi Kabul bilen ylalaşyp biler, diýip ABŞ-nyň Owganystandaky harby ýolbaşçysy 8-nji oktýabrda aýtdy.

“Men ýaraşyk boýunça gepleşikleri dowam etdiriler, diýip pikir edýärin, emma zerur adamlaryň gepleşiklere jemlenmegi biraz wagty talap eder” diýip ABŞ-nyň goşun generaly John Kampbell aýtdy.

Owganystanyň “Talyban”hereketi owgan hökümeti bilen parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň iýul aýynda geçirilen tapgyryna gatnaşypdy, emma yzýany söweşiji toparyň lideri Molla Omaryň ölümi baradaky maglumatyň üsti açylansoň gepleşiklerden ýüz öwüripdi.

XS
SM
MD
LG