Sepleriň elýeterliligi

Eýranly general Siriýada öldürildi


Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasynyň generaly Hussein Hamedani

Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasynyň generaly Hussein Hamedani

Siriýanyň Aleppo şäheriniň golaýynda eýranly generalyň öldürilendigi habar berilýär.

Liwanda ýerleşýän al-Mayadeen telewideniýesiniň 9-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasynyň generaly Hussein Hamedani Siriýanyň goşunynyň geňeşçisi bolup işleýän wagtynda 7-nji oktýabrda öldürilipdir.

Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasy Hamedaniniň Alleppo regionynyň demirgazyk böleginde ölendigini tassyklady.

Eýran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň ynamdar ýarany bolup, ýurduň geňeşçileri Siriýanyň goşunyna gozgalaňçylara garşy söweşmäge ýardam berýärler.

XS
SM
MD
LG