Sepleriň elýeterliligi

Marjona: "YD" meni "janyndan geçen hüjümçä" öwürmekçi


Marjona: "YD" meni "janyndan geçen hüjümçä" öwürmekçi.

Marjona: "YD" meni "janyndan geçen hüjümçä" öwürmekçi.

Täjigistanyň Şahritus etrabynyň ýaşaýjysy bolan bir ýaş zenan, Siriýadan öz adamsyna ýüzlenme iberip, eger ýurduna dolanyp bilmese, jeňçileriň özüni "janyndan geçen hüjümçä" öwürjekdigini habar berýär.

Marjona Allanazarowa 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda üç çagasy bilen bilelikde Moskwada ýaşaýan daýzasynyň ýanyna gidip, ol ýerde tikin tikýän firmada işe durýar.

Sentýabr aýynyň başynda bolsa Şahritusda işleýän adamsyna aýtman-diýmän, çagalaryny Moskwadaky daýzasynyň ýanynda goýup, Siriýa gidýär.

Allanazarowa, "YD" toparyna goşulandan soň, 15-nji sentýabrda "Odnoklassniki", ýagny "Klasdaşlar" atly ors sosial ulgamda adamsy bilen aragatnaşyk gurýar we şonda özüniň gyssagly suratda ýurda dolanmagyna kömek etmegini soraýar. Eger ýurda gyssagly dolanyp bilmese, jeňçileriň özüni "janyndan geçen hüjümçä" öwürjekdigini aýdýar.

Çagalar kakasynyň ýanyna getirildi

Marjona Allanazarowanyň aýtmagyna görä, onuň ýanyndaky zenan Siriýada janyndan geçen hüjümçi bolup, ölüpdir. Indi bolsa onuň nobaty gelipdir. Ony gowy aýlykly iş berjek diýip, aldap Siriýa çagyrypdyrlar.

Etrap häkimligi, Siriýadaky 27 ýaşyndaky zenan Marjon Allanazarowanyň Şahritus etrabynyň Gagarin adyndaky köçesiniň ýaşaýjysydygy baradaky maglumaty tassyklaýar.

Marjonyň ýedi ýaşyndaky uly ogly Moskwadaky bir mekdepde okaýar ekeni. Biri bäş we beýlekisi hem 2 ýaşyndaky çagalary-da çagalar bagyna gidýär ekeni.

Täjigistanyň hökümeti çagalary Moskwadan kakasynyň ýanyna getirip beripdir. Marjon Allanazarowanyň adamsy Farruh Allanazarow häzir öz aýaly bilen diňe Internet arkaly gepleşip bilýär. Ol öz aýalyny aldaw bilen Siriýä äkidendiklerini aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, Täjigistanyň resmileri çagalary Moskwadan getirip beripdir. Ýöne aýalynyň Siriýadan yzyna getirilmegi babatda hiç zat aýtmandyrlar.

Ýigrimä golaý ýaş

Farruh Allanazarowyň Şahritus etrabynda zergärlik dükany bar. Onuň gürrüň bermegine görä, maşgalasy hiç haçan mätäçlik çekmändir. Ýöne, öz aýaly çagalary bilen bile Moskwadaky daýzasynyň ýanynda ýaşamak isleýändigini kän gezek gaýtalansoň, ahyrsoňy onuň bilen razylaşmaga mejbur bolupdyr.

Farruh Allanazarowyň goňşusy we özüni Mawjudo diýip tanadan zenanyň aýtmagyna görä, ol maşgala barly maşgala. Haçan-da Marjon Allanazarowanyň şeýle nädogry karara gelendigini eşidende, muňa gaty geň galypdyr.

Şahritusyň kazyýeti Marjon Allanazarowanyň ähli dogan-garyndaşlaryny soraga çekip, onuň bilen baglanşykly ähli dokumentleri we maglumatlary ýygnasa-da, onuň näme sebäpden şu wagt Siriýada bolýandygy barasynda jikme-jik maglumat bermekden saklanýar.

Ýaşlar sport we turizm baradaky bölümiň baş hünärmeni Murodbek Dawlatowyň aýtmagyna görä, ol aýal maşgala "Odnoklassniki" atly sosial ulgamyň üsti bilen adamsyna özüniň nirede ýerleşýändigini habar berip, özüniň halas edilmegi üçin kömek sorapdyr.

Resmi maglumata görä, Şahritusdan ýigrimä golaý ýaşlar "Yslam döwleti" toparynyň hataryna goşulypdyrlar. Olardan Parwiz Nabiýew bilen Mawzuna Mirzoýewi Türkiýeden, ýagny ýoluň ýarpysyndan yzyna gaýtarmak başardypdyr. Soňra hökümet olar babatynda günägeçişlik yglan edipdir.

XS
SM
MD
LG