Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylda dört arap pyçaklandy


Ysraýylyň Dimona şäherinde dört araby pyçaklamakda güman edilen ysraýylly ýewreý tussag edildi.

9-njy oktýabrda bolan hüjüminiň iki pidasynyň ysraýylly araplar bolandygy anyklandy. Emma galanlaryň ysraýylly ýa-da palestinaly araplardygy belli edilmedi.

Ýaralanan pidalar häzir bejergi alýarlar.

Dimona şäheriniň häkimi Benny Bitonyň Ysraýylyň radiosy bilen söhbetdeşliginde ady agzalmadyk hüjümçiniň şäheriň ýaşaýjysydygyny we onuň polisiýa bellidigini habar berdi.

Polisiýa hüjümiň “milletçilik” we geçen hepdede sekiz sany ysraýyllynyň pyçaklanmagy bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar. Şol hüjümlerde iki adam heläk boldy.

Ýaňy-ýakynda ýewreýleriň mukaddes Ierusalim şäherine barmagyna päsgelçiligiň döredilmegi sebäpli dörän durnuksyzlykda howpsuzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşyklarda üç palestinaly atylyp öldürildi we onlarçasy ýaralandy.

XS
SM
MD
LG