Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hajda ölenleriň sany 1221-den köp diýilýär


Minada basa-baslyk zerarly ölenleriň jesetleri, Saud Arabystany, 24-nji sentýabr, 2015
Minada basa-baslyk zerarly ölenleriň jesetleri, Saud Arabystany, 24-nji sentýabr, 2015

Mekkanyň golaýynda geçen aýda haj zyýaratynyň dowamynda dörän basa-baslykda heläk bolanlaryň sanynyň 1221 we 1399 adam aralygynda bolandygy media guramalarynyň garaşsyz maglumatlarynda aýdylýar.

Bu, Saud Arabystanynyň 769 adam diýip resmi derejede yglan eden sanyndan has ýokary.

Eýranyň raýatlarynyň arasynda adam pidalarynyň iň köp bolandygyny we olaryň sanynyň 464 adamdan ybaratdygy aýdyldy. Bu ýagdaý Eýranyň Saud Arabystanynyň resmilerini dini çärelerini geçirmäge ukypsyzlykda aýyplamagyna sebäp boldy.

“Associated Press” haj zyýaratyndaky basa-baslykda ölenleriň sanynyň 1399 adamdan ybaratdygyny habar berýär. Frans Press agentligini (AFP) ölenleriň sanyny 1221 adam diýip habar berýär.

XS
SM
MD
LG