Sepleriň elýeterliligi

Nobel baýragy Tunis Kwartetine berildi


Tunisiň Milli dialog kwartetiniň agzalary.

Tunisiň Milli dialog kwartetiniň agzalary.

Tunisiň Milli dialog kwarteti, Demirrgazyk Afrika ýurdunuň 2011-nji ýylda bolan Ýasmin rewolýusiýasyndan soň «plýuralistik demokratiýany gurmaga goşan aýgytly goşandy üçin», 2015-nji ýylyň parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy.

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny bermek baradaky žýuri bu habary 9-njy oktýabrda, Norwegiýanyň paýtagty Osloda yglan etdi.

Tunisiň Milli dialog kwarteti Zähmet federasiýasyny, Adam hukuklary toparyny, Söwda toparyny we Aklawçylar toparyny özünde jemleýär.

Bu kwartet 2013-nji ýylda, Tunise dargamak howpy abananda, demokratizasiýa prosesine goldaw bermek üçin döredildi.

"Haçanda ýurt raýat urşunyň gyrasyna gelende, bu kwartet alternatiw, parahatçylykly syýasy proses döretdi» diýip, Tunisiň Baş zähmet bileleşiginiň başlygy Keýsi Kalman Faýw (Kaci Kullman Five) aýtdy.

Tunis protestleri 2011-nji ýylda Arap dünýäsinde gozgalaňlaryň möwjemegine itergi berip, diktatorlaryň agdarylmagyna we ýagdaýlaryň düýpgöter üýtgemegine alyp geldi. Tunis bu sebitde demokratiýa gurýan ýeke-täk ýurt boldy.

Nobel parahatçylyk baýragyny utujylary ilki gutlanlaryň biri hem BMG boldy.
BMG-niň Ženewadaky sözçüsi «bize parahatçylyk prosesini öňe itermäge kömekleşmek üçin medeni jemgyýet gerek» diýdi.

Şwesiýanyň daşary işler ministri Margot Wallstrom olaryň bu baýraga doly mynasypdyklaryny aýtdy.

Ol Tunisi Arap ýazyndan soňky «köp bolmadyk rowaçlyk mysallarynyň biri» diýip atlandyrdy we bu baýrak özgerişlik, reforma ugrunda göreşýän beýleki ýurtlary hem ruhlandyrar diýip umyt edýändigini aýtdy.

Polşanyň ozalky prezidenti we Nobel baýragynyň eýesi Lek Walesa bu sylag «kwartetiň işjeňliginiň bir öwgüsi hem-de «parasatly işjeňligi» has-da ilerletmek üçin bir hyjuwlandyrma boldy» diýdi.

Nobel parahatçylyk baýragyny 1983-nji ýylda alan Walesa 2011-nji ýylda Tunise baranda, bu toparyň işjeňligine özüniň hem goşant goşandygyny, şeýle-de olar bilen Polşanyň gansyz syýasy reformalary babatdaky tejribesini paýlaşandygyny aýtdy.

Walesa 1980-nji ýyllarda raýdaşlyk azatlygy hereketine ýolbaşçylyk edipdi we bu hereket kommunizmiň agdarylmagyna alyp gelipdi.

8 million şwed krony ($972,000) möçberinde pul sylagy bolan baýrak 10-njy dekabrda, Osloda gowşurylar.

Bu karar Nobel parahatçylyk baýragynyň bu ýyl kime beriljegini çen-çak edýänler üçin garaşylmadyk karar boldy.

Köpler german kansleri Angela Merkel bu baýragy alan 17-nji aýal bolar, sebäbi ol öz ýurdunyň serhetlerini Siriýadan we beýleki ýurtlardan gaçyp gelýän ýüz müňlerçe bosguna açyk saklamagy wada berdi diýýärdi.

Başgalar bu baýrak rim papasy Fransise, ýa-da, iýulda Eýranyň ýadro programmasy babatda gelnen ylalaşyk üçin, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen onuň eýranly kärdeşi Jawed Zarife berler diýip çaklaýardy.

Norwegiýanyň Nobel komitetiniň maglumatyna görä, bu baýragyň berilmegi üçin jemi 273 kandidat, şol sanda 68 gurama, 205 sany şahs hödürlenipdir.
Merhum şwed senagatçysy, dinamiti oýlap tapan Alfred Nobel öz baýlygyny bäş ugur, şol sanda parahatçylyk boýunça Nobel baýraklaryny döretmäge bagyşlady.

Bu baýrak 1901-nji ýyldan bäri berilýär.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG