Sepleriň elýeterliligi

‘Talyban jeňçileri Gunduzda öz baýdagyny galdyrdy’


Owgan howpsuzlyk güýçleriniň agzalary. 7-nji oktýabr, 2015 ý. Gunduz, Owganystan.

Owgan howpsuzlyk güýçleriniň agzalary. 7-nji oktýabr, 2015 ý. Gunduz, Owganystan.

Demirgazyk Owganystanyň iň uly şäherleriniň biri Gunduzda howpsuzlyk şertleriniň barha ýaramazlaşýandygy habar berilýär. Bu şäherde bir köçä jeňçiler gözegçilik etse, beýleki bir köçe hökümet güýçleriniň kontrollygyndadyr.

Şeýle-de, talyban jeňçileriniň Gunduz şäheriniň merkezinde öz baýdagyny galdyrandygy habar berilýär.

Demirgazyk Owganystandaky howpsuzlyk şertleri barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady maglumat taýýarlady.

XS
SM
MD
LG