Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Orsýet Siriýada ýagdaýy dartgynlaşdyrýar'


NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, guramanyň goranmak ministrleriniň maslahatynda, Brussel, 8-nji oktýabr, 2015
NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, guramanyň goranmak ministrleriniň maslahatynda, Brussel, 8-nji oktýabr, 2015

Birleşen Ştatlar bilen onuň regional ýaranlary Orsýetiň harby uçarlarynyň Siriýada dürli nyşanalara urýan zarbalaryna bilelikde jogap bermäge synanyşýarka, NATO-nyň goranmak ministrleri 8-nji oktýabrda Brýusselde duşuşdylar. Bu duşuşykda esasy tema Orsýetiň Siriýada hem Ukrainada alyp barýan işleri boldy.

Üstümizdäki hepdäniň başlarynda Orsýetiň söweş uçarlary Türkiýäniň howa giňişligini bozup, Ankara tarapyndan berk ýazgarylandan soň, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, gerek bolan halatynda, NATO-nyň Türkiýede ýaragly güýçleri ýerleşdirmäge taýyndygyny bildirdi.

"Biz Siriýada Orsýetiň harby işjeňliginiň biynjalyk ediji ýagdaýda artýandygyny görýäris" diýip, Stoltenberg nygtady.

NATO-nyň aladasy

Orsýetiň harby hereketleriniň 7-nji oktýabrda Hazar deňzindäki rus harby gämilerinden ganatly raketalaryň atylmagyny hem öz içine almagy Amerikanyň ýolbaşçylygynda "Yslam döwleti" atly jeňçi topara howa zarbalaryny urýan koalisiýany geň galdyrdy. Bu hereket şeýle hem NATO agza 28 döwletiň Orsýetiň Ýewropa we Orta Gündogara gönükdirilen syýasaty babatdaky aladasyny güýçlendirdi.

Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Aşton Karter NATO-nyň Brýusseldäki ýygnagynda Orsýetiň hereketlerini "tertip-düzgünsiz we garaşylan netijäniň tersine bir zat" diýip häsiýetlendirdi. Ol şeýle hem Moskwa özüni öňküden beter üzňelige salar diýip duýduryş berdi.

Karter Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň harby resmileriniň Siriýadaky ýagdaý barada ýene bir pikir alyşma ähtimallygynyň ol diýen ýokary däldigini duýdurdy.

Ol: "Orsýet nädogry strategiýany yzarlamagy dowam etdirýän wagtynda biz olar bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşamzok we ylalaşmarys" diýdi.

"Biz ors güýçleriniň professional däl hereketlerini görýäris. Olar Türkiýäniň howa giňişligini bozdular, bu NATO-nyň howa giňişligi. Olar duýduryş bermezden, Hazar deňzinden ganatly raketalary atdylar" diýip, Karter sözüniň üstüni ýetirdi.

Gury ýer kampaniýasyna goldaw

NATO-nyň Baş sekretary bilen Birleşen Ştatlaryň goranmak ministriniň bu beýanatlaryna sebäp bolan Siriýa hökümetiniň, şeýle hem aktiwistleriň aýtmagyna görä, Orsýetiň howa hüjümleriniň hökümet güýçlerine gury ýer kampaniýasyna geçip, ençeme etraby gozgalaňçy toparlaryň elinden almaga kömek bolandygy.

8-nji oktýabrda aktiwistler Siriýa goşuny we onuň bilen ýaranlykdaky milisiýanyň günbatar Siriýada gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki sebitlere hüjüm edendigini habar berdiler.

Siriýanyň režimiň tarapyny çalýan gazeti "Al-Watan" goşun Hama welaýatynda takmynan on obany gaýtadan ele aldy diýip ýazdy.

Moskwa bilen Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurtdaky ýaragly toparlaryň ählisini terrorist diýip atlandyrýarlar. Birleşen Ştatlar bilen onuň ýaranlary bolsa özleriniň howa söweşini "Yslam döwleti" atly toparyň jeňçilerine garşy gönükdirýärler.

"Terroristik nyşanlara" zarba

8-nji oktýabrda Orsýetiň Goranmak ministrligi Su-25, Su-24M we Su-34 harby uçarlary Hammanyň we Rakkanyň golaýynda 27 sany "terroristik nyşanlara" zarba urdy diýdi.

Bu aralykda "CNN" telekanaly, şeýle hem beýleki metbugat serişdeleri ady agzalmadyk bir amerikan resmisine salgylanyp, Orsýetiň 7-nji oktýabrda Hazar deňzinden atan 26 sany ganatly raketasynyň birnäçesiniň ýolda Eýranyň üstüne düşendigini habar berdiler. Ýöne sany dört diýip çaklanylýan bu raketalaryň Eýrana uly zyýan ýetirip-ýetirmändigi barada maglumat ýok. Eýranda režimiň konserwatiw bölegi bilen ilteşikli habar gullugy "Fars" bu habary "Amerikanyň Orsýetiň garşysyna gönükdirilen psihologik urşy" diýip atlandyrdy.

Stoltenberg Brýusselde NATO-nyň goranmak ministrleriniň ýaňy golaýda döredilen tiz jogap güýçleriniň goşunynyň adam sanyny iki esse köpeldip, 40 müň esgere ýetirmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy. Bu güýç öten ýyl Orsýetiň Krymdaky we Ukrainadaky hereketlerine jogap edip döredildi.

XS
SM
MD
LG