Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystan: 100 jeňçi öldürildi


Owgan polisiýasy Kandagar welaýatynda, NATO güýçleriniň goldamagynda geçirilen ýörite harby operasiýa mahalynda 100 çemesi «Talyban» söweşijisiniň öldürilendigini, 50-ä golaýynyň bolsa ýaralanandygyny aýdýar.

Kandagar polisiýasynyň sözçüsi Zia Durrani 9-njy oktýabrda owgan serhet polisiýasynyň goňşy Pakistandan Kandagaryň Şorabak etrabyna geçen onlarça pitneçiniň garşysyna operasiýa geçirendigini aýtdy.

"Bize jeňçileriň Owganystana geçýändigi barada aňtaw maglumatlary gelip gowuşdy we biz taýýarlanyp durduk» diýip, Durrani Azatlyk radiosyna aýtdy.

Durrani operasiýa mahalynda onlarça motosikletiň we beýleki ulaglaryň, partlaýjy enjamlaryň we pitneçilere degişli beýleki zatlaryň weýran edilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG